Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2022

Gürjüstanyň tussaglykda oturan öňki prezidenti türmeden hassahana geçirildi

0
Gürjüstanyň tussaglykda oturan öňki prezidenti Mihail Sakaşwili bejergi üçin türmeden çykarylyp, Tbilisidäki hususy lukmançylyk edarasyna geçirildi.


Gürjüstanyň resmileri 12-nji maýda Sakaşwiliniň, birnäçe güne çeken gepleşiklerden soň, Gürjüstanyň paýtagtyndaky Wiwamed klinikasyna geçirilendigini aýtdylar.


Sakaşwiliniň lukmanlary öňki prezidentiň güýçli trawmatiki stresden we anoreksiýadan ejir çekýändigini, bu ýagdaýyň onuň tussaglykda iki gezek yglan eden açlygyndan soň ýüze çykan bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdylar.


Lukmanlar 54 ýaşly adamyň kesellerinden saplanmagy üçin gyssagly we çylşyrymly neýro-psihologiki we fiziki bejerginiň zerurdygy baradaky netijä geldiler.


Sakaşwiliniň garyndaşlary, dostlary we kärdeşleri häkimiýetlerden näsagyň dogry-düzüw bejergi almagy üçin daşary ýurda goýberilmegine rugsat berilmegini talap etdiler.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса