Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2022

Finlandiýa we Şwesiýa NATO-a goşulmak niýetlerini resmi taýdan yglan etdiler

0
Finlandiýanyň hökümeti ýurduň Demirgazyk Atlantik bileleşigine girmegini gazanmak barada resmi karara gelendigini habar berdi.


Bu habar premýer-ministr Sanna Marin bilen Finlandiýanyň prezidenti Sauli Niinistöniň bazar güni Helsinki şäherinde bilelikde geçiren metbugat ýygnagynda yglan edildi.


Bu karar indi parlamentde tassyklanmaly we ses berişligiň ýakyn günlerde bolmagyna garaşylýar.


Şeýle-de, Şwesiýanyň hem ýakyn wagtda NATO agzalygy üçin ýüz tutmagyna garaşylýar.


Ýurduň dolandyryjy Sosial-demokratik zähmet partiýasy 15-nji maýda bu meselä degişli tutumlary yglan etdi.


Premýer-ministr Magdalena Anderssonyň ýolbaşçylygynda birleşen topar bazar güni geçirilen ýörite ýygnakdan soň NATO goşulmagyň tarapynda çykyş etdi.


Şol bir wagtda, Şwesiýanyň sosial-demokratlary ýadro ýaraglaryny we öz ýurtlarynyň çäginde NATO-nyň hemişelik bazalarynyň bolmagyny islemeýändiklerini aýtdylar.


Finlandiýa Ikinji jahan urşundan soň bitarap ýurt bolup, hem SSSR, soňra Russiýa we NATO ýurtlary bilen ýakyn gatnaşyklary saklady.


Şwesiýa 100 ýyldan gowrak wagt bäri, dünýä uruşlaryna gatnaşman, bitaraplyk durumyny saklaýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса