Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17
18
19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30

Türkmen gazaklaryny göçürmek aýyň aýagyna çenli yza süýşürildi

0
Türkmen gazaklaryny göçürmek aýyň aýagyna çenli yza süýşürildi

2-nji iýunda Türkmenistanda ýaşaýan etniki gazaklaryň 490 sanysynyň Gazagystana göçürilmegine garaşylýardy, emma olar taryhy watanlaryna dolanyp gelmediler.

Gazagystanyň Daşary işler ministrligi üçünji gün öýlän Azatlygyň Gazak gullugyna adamlary göçürip getirmegiň iýun aýynyň aýagyna çenli yza süýşürilendigini aýtdy.

“Gazagystan bilen Türkmenistan etniki gazaklaryň göçürilip getirilmegini, ugurlaryň we beýleki guramaçylyk meseleleriniň goşmaça we jikme-jik ylalaşylmagy babatyndaky zerurlyk sebäpli, iýunyň aýagyna çenli yza süýşürmek barada bilelikde ylalaşyga geldi” diýip, ministrligiň metbugat wekili Aýbek Samadiýarow aýtdy.

Mangistau sebitiniň iş we sosial programmalar bölüminiň müdiri Aset Şopanow 2-nji iýunda ýollaryň açylmagynyň "näbelli möhlete yza süýşürilendigini" aýtdy.

“Nämälim möhlete yza süýşürildi. Biz onuň wagtyny bilemizok. Anyk sebäbini hem bilmeýäris” diýip, Aset Şopanow aýtdy.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
ATP

Рублёв поднимется на шестое место в рейтинге ATP после победы на «Мастерсе» в Мадриде






Гитлер в начале войны собирался применить химическое оружие

Проезд в электричках до Москвы снова подорожает

Путин назвал работу в ЕАЭС выгодной для стран-участниц

Закончились деньги? Армения отказалась от финансирования ОДКБ