Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17
18
19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30

Türkmen-özbek serhedindäki ýol çäklendirmeleri azaldylýar

0
Özbegistan bilen Türkmenistanyň serhedindäki halkara gözegçilik nokatlary "Alat" we "Farap" 1-nji iýundan başlap kadaly iş düzgünlerine geçýär, daşary ýurtlaryň ulaglarynyň gatnawlaryna girizilen çäklendirmeleriň bir topary ýatyryldy diýip, Özbegistanyň Döwlet gümrük komitetiniň metbugat gullugy habar berdi.


Habarda bellenilmegine görä, çäklendirmeleri azaltmak baradaky ylalaşyk özbek wekilýetiniň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary Otobek Ibragimowyň ýolbaşçylygynda Aşgabada eden iş sapary wagtynda gazanyldy.


Mundan başga, iş saparynyň dowamynda iki ýurduň arasynda daşalýan harytlar barada maglumat alyşmak baradaky protokolyň taslamasy, şeýle-de gümrük serhedinden geçýän harytlar we ulaglar barada deslapky maglumatlary alyşmagyň tehniki şertleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


Şeýle-de, “Alat” we “Farap” barlag nokatlaryndan günde azyndan 500 ýük awtoulagynyň geçmegini üpjün etmek kararyna gelindi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса