Türkmenistan Owganystanda Akina-Andhoý demirýolunyň galan bölegini gurýar
Uzynlygy 30 km bolan gürrüňi gidýän demirýol ugrunyň gurluşygy 2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda başlanypdy.
Türkmen DIM-i pandemiýa zerarlary girizilen çäklendirmeler sebäpli demirýolunyň 29 kilometriniň we 200 metriniň gurulandygyny we galan 800 metriniň bir aýyň dowamynda gurlup tabşyryljakdygyny aýtdy.
Geçen ýylyň awgustynda Kabul hökümeti synandan soň, “Talyban” häkimiýeti ele geçiripdi. Günbatar we hukuk toparlary, halkara derejede ykrar edilmedik “Talybanyň” hökmetini adam hukuklaryny berk çäklendirmekde tankytlaýarlar.
