Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17
18
19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30

Türkmenistan we Pakistan harby ugur boýunça hyzmatdaşlygy artdyrmak isleýärler

0
22-nji iýunda Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçisi Atajan Möwlýamow Pakistanyň goranmak ministri Hawaja Muhammad Asif bilen gepleşik geçirdi. Bu barada "Associated Press of Pakistan" habar berýär.


Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky harby hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesiniň maslahat edilendigi bellenilýär.


“Pakistan we Türkmenistan regional durnuklylyk, howpsuzlyk, parahatçylyk boýunça umumy maksatlary göz öňünde tutýarlar, şeýle-de terrorçylyga garşy göreş ugrundaky tagallalarda içgin hyzmatdaşlyk edip bilerler” diýip, pakistan ministri belledi.


Ilçi Möwlýamow iki ýurduň harby we ykdysady ugurlar boýunça giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gowy mümkinçiliginiň bardygyny aýdypdyr.


Gepleşigiň beýleki jikme-jikleri aýan edilmeýär.


Bu duşuşyk barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we döwletiň eýeçiligindäki mediasy habar bermedi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса