Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17
18
19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30

Türkmenistan Moskwa ugry boýunça dowamly uçar gatnawlaryny ýola goýýar

0
“Türkmenistan” howaýollary 1-nji iýuldan başlap Aşgabat-Moskwa-Türkmenbaşy ugry boýunça dowamly uçar gatnawlaryny ýola goýýar diýip, SalamNews hökümetçi neşir habar berdi.


Maglumata görä, bu ugur boýunça hepdede iki gezek, sişenbe we penşenbe günleri, uçuş amala aşyrylar.


Şu aýyň başynda Türkmenistan Dubaý we Kazan ugurlary boýunça hem dowamly uçarlary ýola goýupdy.


Pandemiýanyň başyndan bäri öz çäginde koronawirusyň ýeke hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny öňe sürýän Türkmenistan, wirus sebäpli 2020-nji ýylyň martynda ähli halkara uçuşlary ýatyrypdy.


Mundan soň müňlerçe türkmen raýaty watanyna dolanyp bilmän, dürli ýurtlarda'agyr ýagdaýda galandygyny', türkmen wekilleriniň hem olara hemaýat etmeýändigini gürrüň beripdiler.


Şol bir wagtda, watanyna dolanyp bilmeýän türkmenistanlylaryň has köpdügi bellenilýän Türkiýe ugry boýunça dowamly uçar gatnawlarynyň haçan ýola goýuljakdygy barada maglumat ýok.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса