Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17
18
19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30

Aşgabatda VI Hazar sammiti geçirilýär

0
Aşgabatda VI Hazar sammiti geçirilýär

29-njy iýunda Aşgabatda Altynjy Hazar sammiti öz işine başlaýar. Bu sammite bäş hazarýaka döwletiniň, Türkmenistanyň, Russiýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Azerbaýjanyň döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Azeri habar serişdeleri prezident Ylham Alyýewiň, rus habar serişdeleri bolsa prezident Wladimir Putiniň eýýäm Aşgabada barandygyny habar berdiler.

Bir gün öň, 28-nji iýunda türkmen DIM-nde hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlisde 29-njy iýunda Aşgabatda boljak VI Hazar sammitine taýýarlyk we onuň gün tertibine girizilen meseleler barada maslahat edildi.

Bäştaraplaýyn gepleşikleriň öňüsyrasyndaky duşuşykda Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary Hazar deňzi sebitinde hyzmatdaşlygyň aýry-aýry ugurlaryna, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem-de wajyp halkara meselelere garadylar diýip, TDH 28-nji iýunda habar berdi.

Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň I sammitinden 20 ýyl soň geçirilýän duşuşygynda SSSR darganyndan soň Hazar “bäşliginiň” arasynda dörän çylşyrymly meseleleriň çözülmegine umyt baglanýar we, bu ýagdaý Türkmenistanyň gaz ýollaryny dürlüleşdirmegine, tebigy gazyny ýewropa bazarlaryna çykarmagyna ýol açmaly.

2018-nji ýyldaky duşuşykda deňiz arkaly gaz geçirijilerini gurmak üçin deslapky tassyklama talaplary aradan aýryldy. Bu ýagdaý Türkmenistanyň tebigy gazynyň Azerbaýjana iberimegi we Trans-Hazar gaz geçirijisine birikdirilmegi, netijede Gürjüstanda we Türkiýede gurlan geçirijilere barmagy üçin ýol açýar.

Eger-de başa barsa, bu teklip Ýewropanyň öz gaz zerurlyklaryny Russiýadan garaşsyz ýagdaýda kanagatlandyryp bilmegine şert döreder.

Mundan öňki ýyllarda bu teklibiň ýol almagyna Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazardaky ýangyç ýataklary bilen bagly oňuşmazlyklar we daşky gurşaw aladalary päsgelçilik döretdi. Emma muňa garamazdan, Ýewropanyň rus tebigy gaz garaşlylygyny azaltmak islegi bu teklibi ýene bir gezek gün tertibine getirdi.

“Foreignbrief” neşiriniň ýazmagyna görä, bu sammitde Russiýanyň Türkmenistana Trans-Hazar geçirijisi baradaky arzuwlaryň hakykata öwrülmezligi üçin tagalla etmegine garaşylýar.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistan öz gazyny Ýewropa satmak mümkinçiliginden el çekjege meňzemeýär.

Sebäbi Aşgabadyň Ýewropa gaz satmak arzuwy amala aşsa, Türkmenistan Russiýadan garaşsyz ýagdaýda, möhüm söwda çeşmesine ýol açýar.

TDH-nyň 28-nji iýunda çap eden synynda bellenmegine görä, Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň Aşgabat sammitinde Hazar deňzi sebitinde howpsuzlyk, ykdysady hyzmatdaşlyk we ekologik meseleler ara alnyp maslahatlaşyljak esasy meseleler bolar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
ATP

Рублёв поднимется на шестое место в рейтинге ATP после победы на «Мастерсе» в Мадриде






Жителей Москвы предупредили об аномально холодной погоде

В Подмосковье подготовили к 9 Мая все объекты памяти Великой Отечественной войны

Водители троллейбусов ЯТБ–4. СССР, Москва, 1939 год

Патрулирование пожароопасных участков лесов провели в Подмосковье