Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2022

Türkmenistan bugdaý planyny dolandygyny aýdýar

0
29-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda türkmen daýhanlarynyň galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri yglan edildi.


Resmi maglumata görä, bu ýyl ýurduň harmanyna 1 million 500 müň tonna golaý bugdaý tabşyrylypdyr.


Şol bir wagtda, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýerli daýhanlar bu ýylyň has gurak gelmegi, suw ýetmezçiligi, şeýle-de häkimiýetleriň öz üstüne alan borçnamalaryny doly ýerine ýetirmezligi bugdaý hasylyna ýaramaz täsir ýetirendigini bellediler.


Türkmen häkimiýetleri bugdaý planynyň doly ýerine ýetirilýändigini öňe sürseler-de, ýurtdaky un, çörek ýiti gytçylygy saklanyp galýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса