Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2021

Новости за 18.09.2021

Almatyly protestçiler 'satylan' garaşsyzlyk, AES, sanlylaşdyrmak hakynda gürrüň etdi

Azathabar.com 

Hasaba alynmadyk Demokratik partiýanyň Almatyda geçirilen mitingine ýygnananlar öňki prezident Nursultan Nazarbaýewiň döwründe gurlan häkimiýet ulgamynyň ýurdy petige getirendigini we ýurduň garaşsyzlygyna howp astyna salandygyny aýtdylar. Olar: "Nazarbaýew, git!" diýip gygyrdylar. Ýarym sagatdan soň protest ýerindäki internet baglanyşygy öçürildi. Polisiýa protest wagtynda we ol başlanmazyndan ozal birnäçe aktiwisti tussag etdi. 18-nji sentýabrda Abaý Kunanbaýew ýadygärliginiň öňünde geçirilen... Читать дальше...

'Zäherlenen howa' baradaky soraga jogap bermeýän Aşgabat karbamid eksportyny artdyrar

Azathabar.com 

Türkmenistan daşary ýurt maýasyny çekip, ýerli ýaşaýjylaryň dat edýän dökün zawodlarynyň birini düýpli täzelemegiň pikirini edýär, emma ýurduň himiýa, elektrik, nebit-gaz  önümçiliginiň howa goýberýän zyýanly galyndylary barada bildirilýän aladalary agzamaýar. Wise-premýer Çarymyrat Pürçekowyň 16-njy sentýabrda geçirilen hökümet mejlisinde tassyklamagyna görä, eksport edilýän dökünleriň mukdaryny artdyrmak üçin karbamid zawodlarynyň önümçilik kuwwatyny has-da ýokarlandyrmak zerur. Hökümet mejlislerinde... Читать дальше...

Türkmenistanda ýene metan syzmalary tapyldy

Azathabar.com 

Kayrros geo-seljeriş kompaniýasy hemra arkaly Türkmenistanyň Hytaýa we Orsýete ibermek üçin tebigy gaz alýan ýataklarynyň golaýynda uly metan syzmalaryny tapdy diýip, oilprice.com neşiri Bloomberge salgylanyp habar berýär. Iň ýönekeý uglewodorod hem-de tebigy gazyň esasy düzümi bolup durýan metan kömürturşy gazyna (CO2) garanda hem has güýçli parnik/ýyladyşhana gazy hasaplanýar. “Bloomberg” neşiriniň Kayrros SAS-yň maglumatlaryna salgylanyp ýazmagyna görä, 31-nji awgustda Türkmenistanyň gaz öndürýän... Читать дальше...

Owgan mekdepleri diňe oglanlar üçin açyldy, "Talybana" garşy ilkinji bomba hüjümleri edildi

Azathabar.com 

Owganystanyň “Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümetiniň Bilim ministrligi orta we ýokary mekdepleriň, medreseleriň 18-nji sentýabrda erkekler üçin gaýtadan açyljakdygyny aýtdy, emma edaranyň aýal-gyzlar babatdaky syýasatynyň düýpli üýtgedilýändigini görkezip, bu mekdeplerde okuwa başlamaly gyzlar barada hiç zat aýtmady. Bilim ministrliginiň buýrugy, 17-nji sentýabrda çap edilen beýanata görä, altynjy we ondan ýokary synpda okaýan oglanlara we ýetginjeklere, şeýle-de olaryň mugallymlaryna degişli. Beýanatda gyzlar babatda hiç zat aýdylmaýar. Читать дальше...

Berdimuhamedow Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýdýar

Azathabar.com 

Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji sentýabrda ŞHG-nyň Duşenbede geçirilen sammitinde çykyş edip, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde, bu gurama bilen işjeň gatnaşyklara taýýardygyny aýtdy. Täjik paýtagtyndaky sammite hormatly myhman hökmünde prezidentiň sözlerine görä, ŞHG bilen gatnaşyklar Türkmenistan üçin halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Şeýle-de ol Türkmenistanyň bu guramasynyň işine gyzyklanma we hormat goýmak bilen garaýandygyny nygtady. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde... Читать дальше...

ŞHG ýolbaşçylary owgan kömegini köpeltmäge, doňdurylan emläkleri boşatmaga çagyrýar

Azathabar.com 

Russiýanyň we Hytaýyň ýolbaşçylygyndaky Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) liderleri dünýäni uruşdan tozan Owganystanyň doňdurylan emläklerini boşatmaga we “Talybanyň” häkimiýet başyna gaýdyp gelmegi bilen krizisiň gyrasynda duran ýurda berilýän kömegi güýçlendirmäge çagyrdy.  Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we onuň hytaýly kärdeşi Si Szinpin 17-nji sentýabrda Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň Täjigistanyň paýtagty Duşenbede geçirilen ugurdaş sammitinde Owganystana zerur bolan... Читать дальше...

Orsýetliler parlament saýlawlarynyň ikinji gününe girdi. Sesleriň 'görülmedik derejede' galplaşdyrylýandygy aýdylýar

Azathabar.com 

Oppozisiýa programmasynyň çäklendirilmegi bilen, Orsýetde pandemiýa aladalary sebäpli üç günüň dowamynda geçirilýän parlamant saýlawlary ikinji gününe girdi, adamlaryň ses bermäge mejbur edilýändigi habar berilýär, sosial ulgamlarda saýlaw galplyklaryny görkezýän wideolar peýda bolýar. Orsýetde geçýän parlament saýlawlarynyň ikinji güni giň ýaýran saýlaw galplyklary baradaky aýyplamalar bilen başlandy. Garaşsyz “Golos” saýlaw gözegçilik topary ses berişligiň ilkinji güni sesleriň satyn alynýandygyny... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Ига Свёнтек

Свёнтек: я чувствую, что с каждым годом получаю всё большую поддержку






Минобрнауки: 12 университетов расторгли договоры с коммерческими партнёрами

В центре Москвы поймали змею необычного окраса

Данил Барановский и внучка Софии Ротару

Стало известно, за сколько гаишник отпустил фигуранта дела об убийстве байкера