ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2021

Новости за 13.09.2021

Marynyň häkimiýetleri kärendeçilerden ýygymçylar üçin pul ýygnaýar

Azathabar.com 

Şu günler Türkmenistanda pagta ýygym möwsümi gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Marynyň häkimiýetleri pagta ýygymyna çekilýän ýygymçylar üçin hem býujet işgärlerinden, hem-de kärende eýelerinden pul ýygnaýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan habar berýär. "Häkimligiň işgärleri pagta eken kärende eýelerinden her 1 gektar ýer üçin 300 manat tölemegi, has dogrusy para bermegi talap edýärler. 10 gektar kärende ýeriň bolsa 300 manat tölemeli. Olar munuň üçin kwitansiýa bermeýärler. Читать дальше...

Täjigistan Owganystandan gaçyp gelen 100-e golaý adamy kabul etdi

Azathabar.com 

Täjik resmileri öten gije Owganystandan Täjigistanyň serhedini geçen 200 owgan raýatynyň arasyndan 100 sanysyny, şol sanda köp aýallary we çagalary kabul etdi. Owganystanda “Talybanyň” häkimiýeti ele geçirmeginden soň, raýatlaryň belli bir bölegi ýurdy terk etmek ugrunda tagalla edýär. Täjigistanyň günorta-gündogaryndaky Hamdoni etrabynyň ýerli hökümetindäki ençeme çeşmäniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, owgan raýatlary iki ýurduň serhedinden geçýän Panj derýasyndan aşypdyrlar. Çeşmeleriň sözlerine görä... Читать дальше...

Aşgabadyň morgyna günde ýüzlerçe ölen eltilýär. Maryda waksina almadyklara işden kowulmak howpy abanýar

Azathabar.com 

Aşgabatda ölüm derejesi görlüp-eşidilmedik derejede ýokarlandy. Her gün ýüzlerçe ölen adam şäheriň morgyna düşýär. Gonamçylyklarda mazarlary taýýarlamak üçin ekskawatorlar ulanylýar, adamlar el bilen gazyp, ýetişmeýärler. Maryda waksina almadyk döwlet işgärlerine işden aýrylmak howpy abanýar. Bu barada Azatlygyň ýurtdaky habarçylary habar berdiler. Türkmenistanyň häkimiýetleri COVID-19 keselçiligini henizem ykrar etmeýärler. Azatlygyň habarçylarynyň paýtagtyň saglygy saklaýyş edaralaryndaky çeşmelere salgylanyp habar bermegine görä... Читать дальше...

Talyplar Aşgabada getirilip başlandy. ÝOJ-larda okuwlar ýene auditoriýalarda geçiriler

Azathabar.com 

Türkmenistanyň dürli welaýatlaryndan gelip, Aşgabadyň ýokary okuw jaýlarynda (ÝOJ) okaýan talyplar duýdansyz paýtagta getirilip başlandy. Umumy ýaşaýyş jaýlarynda karantinde saklanýan bu talyplar karantin şertleriniň ýaramazlygyndan şikaýat edýärler. Bu ýagdaýlar barada karantinde saklanýan talyplaryň birnäçesi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Awazada dynç alyş möwsümi gutaransoň, myhmanhanalar 1600 töweregi işgärini işden boşatdy

Azathabar.com 

Azatlygyň çeşmelerine görä, awgustyň ahyrlarynda Aşgabatdan Awaza baran dört adamda koronawirusyň delta görnüşiniň anyklanmagyndan soňra, kurort şäherçesinde dynç alýan adamlar duýdansyz öýlerine ugradyldy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy indi Awazadaky myhmanhana işgärleriniň köpçülikleýin işden boşadylýandyklaryny habar berýär.

BMG Owganystan üçin $600 million toplamagy maksat edinýär

Azathabar.com 

Birleşen Milletler Guramasy Owganystanda “Talybanyň” häkimiýeti ele geçirmeginden soň, ýurduň gumanitar krizise uçrap biljekdigi baradaky aladalaryň arasynda, Owganystan üçin 600 million dollar möçberinde hemaýaty gazanmak üçin, 13-nji sentýabrda hemaýat beriş konferensiýasyny geçirýär. Şweýsariýanyň Ženewa şäherindäki konferensiýa BMG-niň baş sekretary Antonia Guterresiň we beýleki ýokary derejeli resmileriň, şeýle-de 40-a golaý ministrleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Beýleki resmileriň maslahata onlaýn ýagdaýda gatnaşjakdygy bellenilýär. Читать дальше...

ABŞ harbylary: Demirgazyk Koreýanyň täze ýaraglary özleşdirmegi howp abandyrýar

Azathabar.com 

ABŞ harbylary Demirgazyk Koreýanyň geçen dynç günleriniň dowamynda amala aşyran raketa synaglarynyň onuň goňşy we beýleki döwletlere “howp” abandyrýandygyny duýdurdy. ABŞ-nyň Hindi-Ýuwaş umman sebiti boýunça komandowaniýesi özüniň beýanatynda Demirgazyk Koreýanyň doly adyny tutup, onuň raketa programmasynyň üstünde işlemegini dowam etdirýändigini belledi, şeýle-de munuň goňşy döwletlere we halkara jemgyýetçiligine abandyrýan howpy barada duýdurdy. Mundan öň, Demirgazyk Koreýa geçen dynç günleriniň... Читать дальше...

Türkmenistanyň we Eýranyň araçäginde bolan ýer titreme Aşgabatda duýuldy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň we Eýranyň araçäginde duşenbe güni ir bilen bolan ýer titreme Aşgabatda duýuldy. “Paýtagtda ir sagat 09-lar töweregi ýersarsgyny duýuldy. Jaýlarda lýustralar, öý goşlary dagy çaýkandy, ýaşaýjylaryň aglabasy howlukmaç daşary çykdy” diýip, 13-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary gürrüň berdiler. Tebigy harasat bilen baglylykdaky heläkçilikler barada maglumat ýok. ABŞ-nyň Geologiýa gözegçilik gullugy 13-nji sentýabrda Aşgabat wagty bilen 09:02-de (04:02 UTC), Eýranyň... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Рыбакина: знаю, что меня поддерживают в России, но болельщиков из Казахстана намного больше






Собянин: Депо «Столбово» примет поезда Сокольнической и Троицкой линий метро

«Удалось мобилизоваться»: Минеев оценил свою форму перед боем с Глуховым

Вместо Альп: где этой зимой катались российские горнолыжники? Выбор оказался неожиданным

Можно ли победить диаспору? Можно, была бы политическая воля