Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2021

Новости за 20.09.2021

Russiýada ýaragly adam rus uniwersitetinde alty adamy öldürdi

Azathabar.com 

Russiýanyň Urals sebitiniň Perm şäherindäki uniwersitetde ot açyp, birnäçe adamy öldüren ýaragly adam, kanun goraýjy edaralaryň işgärleri tarapyndan tussag edilýän pursady ok bilen ýaralanandan soň, häzirki wagt intensiw bejergi bölüminde saklanýar.

Aşgabadyň seýilgählerinde ahlak polisiýasy güýçlendi

Azathabar.com 

Aşgabadyň polisiýasy seýilgähe gelýänlere gözegçiligi güýçlendirdi. Bile oturan ýigitleri we gyzlary parklarda tussag etmek wakalary ýygy-ýygydan ýüze çykdy. Mundan başga-da, polisiýanyň gözüne aýallaryň we gyzlaryň daş keşbi has köp düşüp başlady. Bu barada Azatlygyň habarçylary 20-nji sentýabrda Aşgabatdan habar berýärler.

Farap tok we suw üpjünçiligindäki bökdençliklerden ejir çekýär, zibil çelekleri yslanýar

Azathabar.com 

18-nji sentýabrdan bäri Lebap welaýatynyň Farap şäherinde elektrik togy yzygiderli kesilýär. Bu aralykda, şäheriň hatardan çykan esasy suw geçiriji turbalary tas iki aý bäri bejerilmeýär. Ýerli ýaşaýjylar tok we suw üpjünçiliginiň bu golaýda düzeljegine umyt baglamaýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji sentýabrda maglumat berdi.

Lebapda “Türkmenpoçta” prezidentiň adyna ýazylan arza-hatlary ‘saklaýar’

Azathabar.com 

Lebabyň poçta bölümlerinde prezidentiň adyna, şol sanda paýtagtdaky dürli ministrliklere ýazylan arzalaryň sebitiň daşyna çykmagynyň öňi alynýar. Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylar ýerli edaralaryň üsti bilen meselelerine oňyn çözgüt tapyp bilmän Aşgabada ýazan arza-hatlaryny “Türkmenpoçta” tabşyranlaryndan birnäçe günden soň, ýaşaýan şäheriniň ýa etrabynyň häkimliklerine çagyrylandyklaryny gürrüň berdiler.

Pfizer COVID-19 sanjymynyň 5-11 ýaşly çagalar üçin howpsuzdygyny aýdýar

Azathabar.com 

Pfizer we BioNTech, kliniki synaglaryň netijesi ýaş çagalarda sanjymyň “howpsuz, oňat çydamlydygyny” we “berk” immuniteti döredýändigini görkezenden soň, özleriniň bäş ýaşdan 11 ýaşa çenli çagalara COVID-19 sanjymyny gysga wagtda bermek üçin kadalaşdyryjy rugsatnamany almaga taýýarlanýandyklaryny mälim etdiler. Kompaniýalar 20-nji sentýabrda ýaýradan beýanatynda sanjymyň 12 we ondan ýokary ýaşdaky adamlara berleninden has pes dozada boljakdygyny hem aýtdylar. "Bu synag netijeleri 5 ýaşdan 11... Читать дальше...

Russiýada ýaragly adam uniwersitete hüjüm edip, alty adamy öldürdi

Azathabar.com 

Russiýanyň Urals sebitiniň Perm şäherindäki uniwersitetde ot açyp, birnäçe adamy öldüren ýaragly adam, kanun goraýjy edaralaryň işgärleri tarapyndan tussag edilýän pursady ok bilen ýaralanandan soň, häzirki wagt intensiw bejergi bölüminde saklanýar. Russiýanyň Derňew komiteti öz beýanynda 20-nji sentýabrdaky hüjümde, ýaragly adama ot açylmazdan öň, alty adamyň ölendigini we başga-da 28 sanysynyň ýaralandygyny aýtdy. Komitet mundan ozal atyşykda sekiz adamyň ölendigini mälim etdi. Saglygy goraýyş ministrligi jikme-jik maglumat bermezden... Читать дальше...

'Zäherlenen howa' baradaky soraga jogap bermeýän Aşgabat karbamid eksportyny artdyrar

Azathabar.com 

Türkmenistan daşary ýurt maýasyny çekip, ýerli ýaşaýjylaryň dat edýän dökün zawodlarynyň birini düýpli täzelemegiň pikirini edýär, emma ýurduň himiýa, elektrik, nebit-gaz önümçiliginiň howa goýberýän zyýanly galyndylary barada bildirilýän aladalary agzamaýar. Wise-premýer Çarymyrat Pürçekowyň 16-njy sentýabrda geçirilen hökümet mejlisinde tassyklamagyna görä, eksport edilýän dökünleriň mukdaryny artdyrmak üçin karbamid zawodlarynyň önümçilik kuwwatyny has-da ýokarlandyrmak zerur.

“Dragon Oil” önümçiligi tas iki esse artdyrmagy, Türkmenistanda täze ösüşleri göz öňünde tutýar

Azathabar.com 

“Dragon Oil” 2020-nji ýyldaky kynçylyklardan aman galandan soň, Türkmenistanda, Yrakda we Müsürde täze ösüşleri göz öňünde tutýar diýip, “Dragon Oil-iň” baş ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwany aýtdy. Birleşen Arap Emirlikleriniň nebit we gaz gözleg, ösüş we önümçilik kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktorynyň eden bu çykyşy barada “Emirates News Agency” neşiri 19-njy sentýabrda maglumat çap etdi. "Dragon Oil-de, biz bütin dünýäde, şol sanda Türkmenistanda, Yrakda we Müsürde täze mümkinçilikleri... Читать дальше...

KHŞG Owganystandaky ýagdaý sebäpli Özbegistan, Türkmenistan bilen goranyş hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Azathabar.com 

Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasy (KHŞG) Owganystandaky häzirki howp salýan ýagdaý sebäpli Özbegistan we Türkmenistan bilen harby tehniki hyzmatdaşlygy giňeldýär diýip, Russiýanyň premýer-ministriniň orunbasary Ýuriý Borisow "Rossiýa-1" telekanalyna beren interwýusynda aýtdy. Bu barada TASS habar agentligi 18-nji sentýabrda habar berdi. "Biz harby tehniki kömek bilen üpjün edýäris, harby tehniki hyzmatdaşlygy giňeldýäris..." diýip, Borisowyň dürli tizlikdäki we dürli belentlikdäki dürli... Читать дальше...

Kanar adalarynda wulkanyň partlamagy netijesinde müňlerçe adam ewakuasiýa edildi

Azathabar.com 

19-njy sentýabrda Ispaniýanyň Kanar adalar toplumyndaky La Palma adasynda wulkanyň patlamagy netijesinde lawa atylyp dökülip, öýlere tarap süýşüp başlandan soň, azyndan dört oba ewakuasiýa edildi. Häkimiýetler günortan partlama başlamazdan birnäçe sagat öň, adanyň günortasyndaky az ilatly sebitde iň ejiz ýaşaýjylary we mal-garalary ewakuasiýa edip başladylar, häzire çenli ýaralanan adam ýok. Kanar adalary günbatar Afrikanyň kenarlaryndan takmynan 100 kilometr uzaklykda ýerleşýär we La Palma arhipelagyň iň demirgazyk-günbatar adasydyr. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Вероника Кудерметова завершила выступление на турнире WTA в Мадриде






В Екатеринбурге встретили Знамя Победы, которое едет через всю страну

В Люберцах проверили качество питания в столовой гимназии

В Клину состоится праздничная программа в честь дня рождения Чайковского

2 тыс родителей выпускников с ОВЗ посетили собрание по инклюзивному образованию