Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2021

Новости за 25.09.2021

Aşgabatda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisi geçirildi

Azathabar.com 

Aşgabatda şu gün, 25-nji sentýabrda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde, ýurtda dowam edýän azyk ýetmezçiliginiň we saglyk aladalarynyň arasynda, Türkmenistanyň Halk maslahaty geçirildi. Döwlet baştutany öz sözlän sözünde ýene "gazanylan üstünlikler" barada aýdýan sözlerini gaýtalady we täze kitabyny ýazyp gutarandygyny, ony "Garaşsyzlyk - bagtymyz" diýip atlandyrandygyny habar berdi. Türkmen TW-si düýn Aşgabatda Halk maslahatynyň beýleki sebitlerden gelen maskaly agzalarynyň... Читать дальше...

Türkmen DIM-i TDH-nyň ýaşyran raýatlyk maglumatlaryny aýan edýär

Azathabar.com 

24-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasport gowşurmak dabarasy boldy diýip, TDH raýatlyk alan adamlary sanyny aýtman habar berýär. Emma DIM-niň maglumatyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň golaýda gol çeken permany esasynda 2 657 adam Türkmenistanyň raýatlygyny, 406 adam bolsa Türkmenistanda ýaşamak ygtyýarnamasyny aldy. Türkmenistanyň raýatlygyna täze kabul edilen adamlar dünýäniň 20 milletiniň wekilleri bolup, olaryň aglaba bölegi zenanlar bolup durýar diýip... Читать дальше...

Hepdäniň jemi #39 (25.09.2021 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Türkmen ýazyjylary we söz, pikir azatlygy; Sebitiň ruhy hassahanalarynyň başga pikirlileri dymdyrmak üçin ulanylyşy baradaky söhbetlerimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

Türkmenabatda 30-a golaý erkek bikanun jynsy gatnaşykda güman edilip, tussagda saklanýar

Azathabar.com 

Garaşsyz neşir häzir Lebap sebitiniň merkezindäki polisiýa tussaghanasynda gomoseksual gatnaşyklarynda aýyplanýan 30 çemesi erkegiň saklanýandygyny habar berýär. “Turkmen.news” neşiriniň maglumatyna görä, ol adamlaryň 20-si bir iş boýunça tussag edilipdir.  Hukuk goraýjy edaralara ýakyn çeşmäniň aýtmagyna görä, Türkmenabatda awgust aýynda saklanan tanymal dellek şindi hem goýberilmändir. Neşir bu erkegiň şahsy maglumatlaryndan habarlygyny, ýöne olary etika düzgünleri sebäpli çap etmeýändigini belleýär. Читать дальше...

Gündogar Owganystandaky partlama talyplaryň ulagyny nyşana aldy

Azathabar.com 

Owganystanyň gündogaryndaky Nangarhar welaýatynda 25-nji sentýabrda “Talybanyň” ulag kerwenini nyşana alan partlamada azyndan bir adam ölüp, ýedi adam ýaralandy diýip,  ýerli resmiler aýdýar. Partlama Nangarhar welaýatynyň paýtagty Jelalabatda boldy diýip, talyplaryň sebit sözçüsi dpa habar agentligine aýtdy. Nangarhar sebit hassahanasyndaky çeşme ölen talyp söweşijisiniň we ýedi ýaralynyň,  şol sanda dört parahat ýaşaýjynyň keselhana ýerleşdirilendigini aýtdy. Ýerli metbugat şaýatlaryň sözlerine salgylanyp... Читать дальше...

Halk maslahatynyň wekilleri Aşgabada geldi

Azathabar.com 

Türkmen döwlet TW-si 24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisine gatnaşjak wekilleriň Aşgabada gelendigini habar berdi. Türkmenistanyň Halk maslahaty, döwlet mediasynyň nygtamgyna görä, ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda “iňňän möhüm orny eýeleýär” we jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň “öz pikirlerini aýtmagyna”, döwletde “demokratiýanyň dabaralanmagyna ýol açýar”. Emma synçylar we hökümet tankytçylary Halk maslahatynyň Türkmenistanda awtoritar dolandyryşy pugtalandyrmak... Читать дальше...

ABŞ ilçisi Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy bilen gutlap, Türkmenistanyň iň uly hazynasynyň adamlarydygyny aýdýar

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň hökümetini we halkyny Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy bilen gutlap, 27-nji sentýabrda bellenilýän baýramçylygyň öňüsyrasynda öz resmi feýsbuk sahypasynda gutlag wideosyny çap etdi. Wideo iki bölekden ybarat bolup, onuň birinji böleginde ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Mettýu Klimowyň gutlagy berilýär: “Salam, hormatly dostlar!” diýip, ilçi gutlag sözlerini türkmençe berlen salam bilen başlaýar we Birleşen Ştatlaryň Türkmenistanyň garaşsyzlygyny... Читать дальше...

Türkmen ýazyjylary haçan we nämä büdredi?

Azathabar.com 

Türkmenistan barha agyrlaşýan ykdysady kynçylyklar, saglyk meseleleri arasynda, pandemiýa döwründe azaldylmaly edilen uly gurluşyklaryň sanawyna girizilmedik täze desgada, bahasy $100 milliondan geçen Döwlet tribunasynda bir aý öňe süýşürilen Garaşsyzlyk gününi baýram edýär. Bu baýram ýüzlerçe müň türkmen raýatynyň gazanç üçin giden ýurtlarynda galyp, kesilen uçar gatnawlary zerarly, ýyllap maşgalasyndan aýra galan wagtynda bellenýär. Emma şeýle pursatda il-gün meselelerini gozgap, açyk çykyş edip başlan aktiwistlerden... Читать дальше...

Baýden Hytaýy nazarlap, dörtlügiň ilkinji duşuşygyny geçirýär

Azathabar.com 

Prezident Jo Baýden, Hytaý babatyndaky umumy aladalaryň arasynda, dörtlük diýip bilinýän täze ýaranlygy pugtalandyrmak üçin, Awstraliýanyň, Hindistanyň we Ýaponiýanyň liderlerini Ak tamda kabul etdi. Dünýäniň esasy dört demokratiýasynyň 24-nji sentýabrda geçirilen sammitinde erkin, durnukly we açyk Hindi-Ýuwaş umman sebitiniň zerurdygy nygtaldy. Dört lideriň köpçüligiň öňünde eden çykyşynda Hytaý agzalmasa-da, Waşingtonyň Hindi-Ýuwaş umman sebitine berýän strategiki ünsüne gaýtadan seretmegi bilen... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Свёнтек разгромила Кырстю и вышла в 1/8 финала турнира WTA-1000 в Мадриде






Спецслужбы Германии с 2015 года следили за обвиненным в шпионаже членом АдГ

Подмосковье сохранило лидерство по открытости бюджетных данных

Сотрудники ПривЖД и ветераны провели субботники в Астрахани

«Советский джаз» с Петром Востоковым. Relax FM рекомендует