Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2021

Новости за 28.09.2021

"Prezidentiň doglan gününi bellän ýalydy". Türkmenistan Garaşsyzlyk baýramyny belledi

Azathabar.com 

Türkmenistan döwlet garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny harby parad, baýramçylyk ýörişleri we konsertler bilen belledi. Koronawirus pandemiýasynyň fonunda, ýurtda berk çäklendirmeler, üýşmeleňleriň, şol sanda ýas çäreleriniň gadagan edilýän we ilatyň yzarlanýan wagtynda häkimiýetler baýramçylyk dabaralaryny geçirdi. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, ýurduň döwletliliginiň ýyl dönümi prezident Berdimuhamedowyň şahsyýet kultynyň ýene-de dabaralanmagy üçin ulanylypdyr.

Täze jaýlaryň tas ýarpy tölegini geçiren raýatlara açar gowşurylmady

Azathabar.com 

Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna gabatlanyp, Türkmenabat şäheriniň “Azatlyk” posýologynyň Arkadag şaýolunyň ugrunda 17 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýy dabaraly açyldy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu jaýlardan öý edinmäge synanyşan maşgalalaryň duçar bolan kynçylyklary barada habar berýär.

Garaşsyz neşir: Türkmen wekilhanalary tarapyndan möhleti uzaldylan biometriki pasportlary özge ýurtlar ykrar etmeýär

Azathabar.com 

Garaşsyz neşir daşary ýurtlardaky türkmen wekilhanalarynda hereket ediş möhleti uzaldylan türkmen biometriki pasportlarynyň peýdasyzdygyny aýdyp, olara basylan möhüriň üçünji ýurt tarapyndan ykrar edilmeýändigini habar berýär. turkmen.news neşiriniň maglumatynda Türkmenistanyň raýatlarynyň bu pasportlar bilen özge ýurtlara wiza alyp hem-de syýahat edip bilmeýändigi hem aýdylýar.

Russiýada koronawirusdan ölenleriň sany gündelik rekord derejesine ýetdi

Azathabar.com 

Russiýa 28-nji sentýabrda soňky 24 sagadyň dowamynda 852 adamyň koronawirusdan ölendigini hasaba aldy. Bu pandemiýa başlanaly bäri Russiýada hasaba alnan iň ýokary gündelik görkezijidir. Bu waka wirusyň Delta görnüşi bilen bagly keselleýänleriň köpelmeginiň we gowşak sanjym kampaniýasynyň yzýanyna gabat geldi. Öňki rekord dereje 24-nji sentýabrda hasaba alnypdy. Şonda 24 sagadyň dowamynda wirusdan ölenleriň sany 828 adama deň boldy. Täze san Russiýada Covid-19-dan ölen adamlaryň sanyny 205 müň 531-e ýetirdi. Читать дальше...

Wengriýanyň DIM-i gaz şertnamasy bilen bagly ukrain ilçisini çagyrdy

Azathabar.com 

Wengriýanyň daşary işler ministri Peter Szijjarto 28-nji sentýabrda Ukrainanyň ilçisini öz ýanyna çagyrdy. Ol munuň Ukrainanyň Wengriýa bilen Russiýanyň arasynda 27-nji sentýabrda gol goýlan uzak möhletleýin gaz üpjünçiligi şertnamasyny petiklemek synanyşyklary bilen baglanyşyklydygyny aýtdy. Szijjarto özüniň “Facebook” sahypasynda ýerleşdiren beýanatynda munuň “Wengriýanyň özygtyýarlylygynyň düýpli bozulmagyna” deň bolandygyny hem belledi. Szijjartonyň bu beýanaty Kiýewiň Budapeşti Russiýanyň... Читать дальше...

"Jenaýat alamatlary ýok". Gazagystanda polisiýa kazyýet işini gozgamak üçin, "agyr şikeslere" garaşýarka, aýallary öldürmek dowam edýär

Azathabar.com 

Merhum Aýnagülüň adamsy ony yzygiderli urup-ýenjip gelse-de, jezasyz galansoň, ahyrynda onuň tenine 30 gezek pyçak ýarasyny saldy. Olardan 27 urgy ölüm howply eken. Olesýa diri, onuň bütin bedeni hallaşýan ýigidiniň pyçagyndan galan ýara yzlaryndan doly. Hallaşýan ýigidiniň soňky urup-ýençmesinden, Olesýanyň beýnisine sarsgyn inipdir hem aýaklary diýenini etmeýär. Polisiýa bolsa onuň saglygyna ýetirilen zyýanyň jenaýat işini açmak üçin ýeterlik däldigini aýdýar. «HÖKMAN ONUŇ GÜNÄSINI TASSYKLAÝAN... Читать дальше...

Ýaponiýa ýurduň COVID-19 adatdan daşary ýagdaýyny ýatyrmagy meýilleşdirýär

Azathabar.com 

Ýaponiýa, hökümet geňeşçiler topary tassyklasa, onda sentýabr aýynyň ahyrynda ýurduň COVID-19 adatdan daşary ýagdaýyny aýyrmagy meýilleşdirýär. Premýer-ministr Yoşihide Suganyň, 28-nji sentýabrda geçiriljek hökümet mejlisinden soň, ýurtda adatdan daşary ýagdaýyň ýatyryljakdygyny we beýleki planlary yglan etmegine garaşylýar. Ýaponiýa birnäçe sebitde adatdan daşary çäreleri girizip, tomusky Olimpiýa oýunlaryny geçirdi we koronawirusyň örän ýokuşagan Delta görnüşini gözegçilikde saklamak üçin göreşdi. Читать дальше...

Kritde bolan ýer titremesinden bir gün soň, ýene güýçli sarsgyn boldy

Azathabar.com 

Gresiýanyň günortasyndaky Krit adasynda bolan ýer titremesinden bir gün soň, 28-nji sentýabrda 5,3 bal derejesinde ýene güýçli sarsgyn boldy. Grek adasynda 27-nji sentýabrda bolan ýer titremesinde azyndan bir adam öldi. Afiny Geodinamiki institutynyň 28-nji sentýabrda beren maglumatyna görä, adada bolýan onlarça ýer yranmanyň arasyndaky iň güýçli sarsgyn Kritiň esasy we Gresiýanyň dördünji uly şäheri bolan Herakliondan 22 km günorta-gündogarda boldy. Gresiýanyň Klimat krizisi we raýat goragy... Читать дальше...

HORMATLY ARKADAG: Berdimuhamedow, ogurlanyňy yzyna gaýtar!

Azathabar.com 

Arkadag, ogurlanyňy yzyna gaýtar! Tutuş halky bir günde, bir gezekde nädip talap bolýandygyny bilýäňizmi? Muny prezident Berdimuhamedow başardy. Ol halkdan Garaşsyzlyk gününi – 27-nji oktýabry ogurlady. Ol halkyň hakydasyndan täze syýasy halkyň täze gurluşynyň başlanýan döwrüni syryp aýyrmaga synanyşýar. Gürrüň diňe bir 1991-nji ýyldaky Döwlet özygtyýarlylygy Jarnamasy bilen çäklenmeýär, elbetde, ol hem örän möhüm pursat, ýöne ilki başdan – 1924-nji ýylyň 27-nji oktýabry aýratyn, ähli goňşularymyz... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Как Рыбакиной стать второй ракеткой мира: расклад от WTA






В Тверь прибыл красавец-теплоход Мустай Карим

Поезд Москва–Выборг все лето будет ходить до станции Сортавала

Правительство РФ сохранило параметры индексации тарифов на газ, электроэнергию и ж/д перевозки

Песков назвал возможное изъятие активов России гвоздем в гроб западной системы