Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2022

Новости за 06.10.2022

Ýylyň Edebiýat boýunça Nobel baýragyna fransuz ýazyjysy Anni Erno mynasyp boldy

Azathabar.com 

2022-nji ýylyň Edebiýat boýunça Nobel baýragy, “şahsy hakydanyň, kesekileşmegiň we köpçülikleýin çäklendirmeleriň gözbaşlaryny açmakdaky kliniki anyklygy we batyrgaýlygy üçin”, fransuz ýazyjysy Anni Erno (Annie Ernaux) berildi. Bu barada baýragyň sosial ulgamlardaky sahypasynda habar berildi. Anni Erno 1940-njy ýylda, Normandiýanyň kiçijik Iveto şäherinde doguldy we kemala geldi, onuň ene-atasynyň şol ýerde birleşdirilen azyk dükany we kafesi bardy. Anni Erno öz işlerinde, Nobel baýragyny... Читать дальше...

Mary: Benzin gytçylygy dowam edýär

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň ýangyç guýujy beketleriniň aglabasynda awtobenziniň gytçylygy dowam edýär, beketleriň öňünde awtoulag nobatlary emele gelýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji oktýabrda sebitden habar berdi.

Türkiýeden gelýän uçarlar Türkmenbaşa hem gonýar, karantin düzgünleri tapawutlanýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň dowamly halkara uçar gatnawlarynyň sanyny artdyrmagy bilen, pandemiýa döwründe ýurduň esasy howa habyna öwrülen Türkmenabadyň Halkara aeroportundan başga käbir howa menzilleri hem daşary ýurtlardan gelýän uçarlary kabul edip başladylar. Şol bir wagtda, uçar bilen gelýän türkmen raýatlary üçin ýatyrylan hökmany karantin düzgüni, daşary ýurtlular babatynda henizem saklanyp galýar.

Ahal welaýatynyň edara ediş merkezinde täze metjit gurlar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Milli geňeşiniň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow üçünji gün Ahal welaýatynyň täze gurulýan edara ediş merkezine iş saparyny edip, bu ýerde guruljak metjidiň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Ol täze metjidiň ýerleşjek ýeriniň 7-nji oktýabrda, 6-njy oktýabrda bellenilýän Hatyra gününiň ertesi kesgitleniljegini aýdyp, öz kitaplarynyň söwdasyndan düşen galam hakynyň hasabyna toý sadakasyny berjekdigini habar berdi. Türkmen metbugaty täze guruljak metjidiň... Читать дальше...

Berdimuhamedow Aşgabat bilen Pekiniň dünýä howpsuzlygynyň aladasyny edýändigini aýdýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Milli geňeşiniň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý metbugaty üçin beren interwýusynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berip, olary “nusgalyk” atlandyrdy. TDH onuň Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat attaşesi Wan Sziunyň sowallaryna beren jogaplaryny 4-nji oktýabrda çap etdi. “Biz “Bitewi Hytaý” syýasatyna pugta eýerýäris, arabozarlygyň dürli ýüze çykmalaryna garşy çykyş edýäris” diýip, Berdimuhamedow Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň işgärleriniň ýaramaz iş şertlerinden... Читать дальше...

Türkmen DIM-inde ýaraglara gözegçilik maslahaty edildi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisiniň ýarag gözegçiligi, barlag we ýerine ýetiriş býurosy boýunça birinji orunbasary Pol Din bilen gepleşik geçirdi diýip, Türkmen DIM-i 5-nji oktýabrda habar berdi. Duşuşykda howpsuzlyk pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar sebit we halkara meseleleri barada pikir alşyp, häzirki zamanyň kynçylyklaryna we howplaryna netijeli garşy durmak zerurlygyny bellediler... Читать дальше...

HRW Eýranyň protestleri ‘rehimsiz’ basýandygyny aýdyp, halkara çäresine çagyrýar

Azathabar.com 

Adam hukuklaryny goraýan HRW guramasy Tähran häkimiýetlerini Eýranyň ahlak polisiýasy tarapyndan tussag edilende ýogalan ýaş zenanyň ölümi sebäpli dörän we hepdeläp dowam edýän köpçülikleýin protestlere gatnaşyjylara aşa ýowuz çäre görmekde, şol sanda adam ölümine getirýän güýçleri ulanmakda aýyplady. Mahsa Amini 16-njy sentýabrda, Eýranda aýal-gyzlaryň köpçülikde geýmeli hökmany ýagdaýda geýmeli edilen hijaby “düzüwli” geýmezlikde aýyplanyp, ahlak polisiýasy tarapyndan tussag edilenden üç gün soň, huşuna gelmän aradan çykdy. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

«Был риск завершить борьбу еще в первом матче». В России оценили победу Рыбакиной в Штутгарте






УФАС по Подмосковью оштрафовало АО «Банк Русский стандарт» за нарушение

Столичный завод наладил выпуск элемента для защиты кабелей

Корпоративные венчурные фонды стали инвестировать в бизнес на более ранних стадиях

На месте старых складов в Улан-Удэ построят тренировочный комплекс для коммунальных служб