Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2022

Новости за 18.10.2022

"Bizem hormat isleýäris!" Täjigistanyň prezidenti Putine ýüzlenýär

Azathabar.com 

Emomali Rahmon, Astanadaky sammitde Putine emosional ýüzlendi: "Bizde problema bar". Ol Russiýany Merkezi Aziýa ýurtlaryna SSSR-de bolşy ýaly garamazlyga çagyrdy we häzirem olara deň hyzmatdaş hökmünde garamaýandygyny we "däp-dessurlary, adatlary" hasaba almaýandygyny aýtdy.

Türkmen ýük ulag sürüjilerine täze talaplar girizildi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň tranzit ýük ulaglaryna girizen gadagançylyklaryny gowşatmagy bilen, ýurduň çäginden üstaşyr goňşy döwletlere geçýän ýük ulaglaryň sany göz-görtele köpeldi. Bu aralykda, türkmen sürüjilerine täze talaplar girizildi. Sürüjiler talaplaryň daşary ýurt ýük ulaglaryna degişli däldigini belläp, özleriniň "ala tutulýandygyny" aýdýarlar. Bu habarlaryň arasynda, türkmen prezidenti ýurduň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktoryna üstaşyr gatnawlaryň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmagy tabşyrdy. Читать дальше...

Russiýanyň ÝOJ-laryna okuwa kabul edilen türkmenistanlylar uçara goýberilmeýär

Azathabar.com 

Russiýanyň ýokary okuw jaýlaryna (ÝOJ) okuwa kabul edilen türkmen studentleri Türkmenistandan Russiýa gitmek üçin Aşgabadyň halkara aeroportuna baranlarynda, zerur bolan ähli resminamalarynyň bardygyna garamazdan, uçara goýberilmeýärler. Aeroportdaky Döwlet Migrasiýa gullugynyň işgärleri munuň sebäplerini türkmen studentleriniň okuwa kabul edilen ÝOJ-larynyň Türkmenistanda diplomy kabul edilýän uniwersitetleriň sanawyna girmeýändigi bilen düşündirýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan maglumat berdi.

Azatlygyň maglumatlaryndan soň, bilim ministrine berk käýinç berildi. Marynyň mekdeplerinde okuw kitaplary ýetmezçilik edýär

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň bilim pudagyndaky problemalar barada çap eden maglumatlarynyň yz ýany, ýurduň bilim ministrine berk käýinç yglan edildi. Bu habarlaryň arasynda, Mary welaýatynyň orta mekdeplerinde okuw kitaplarynyň ýetmezçilik edýändigi barada täze maglumatlar gelip gowuşdy. Bu barada Azatlygyň habarçysy sebitden maglumat berdi.

Prezident pagta ýygymynyň depgininiň güýçlendirilmegini talap edýär, ýygymçylar ‘pagta ýok’ diýýär, mejbury zähmet agzalmaýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýekşenbe güni geçiren hökümet mejlisinde oba hojalyk resmilerinden şu günler ýurtda dowam edýän pagta ýygymynyň depgininiň güýçlendirilmegini talap etdi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan maryly pagtaçylar bu ýyl sebitiň gowaça meýdanlarynda pagtanyň hasyllylygynyň pes bolandygyny aýdýarlar.

Gazagystan türkmen tebigy gazyny import eder

Azathabar.com 

Gazagystanyň milli gaz kompaniýasy “QazaqGaz” we Türkmenistanyň tebigy gaz öndürijisi “Türkmengaz” Gazagystana türkmen tebigy gazyny import etmek barada şertnama baglaşdy diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri gazak prezidentiniň metbugat gullugynyň maglumatyna salgylanyp habar berýär. Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň altynjy gün Astanada, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen gepleşiklerden soň geçirilen metbugat ýygnagynda aýtmagyna görä, iki goňşy ýurduň... Читать дальше...

Türkmenistanly futbolçy daşary ýurt klubyna çagyryldy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Maýa Musatskaýa Türkiýäniň "Dudullu spor" klubyna geçdi diýip, “Türkmenportal” Türkmenistanyň Futbol federasiýasyna salgylanyp habar berýär. Türkmen futbolçysy Stambuldaky futbol kluby bilen bir ýyllyk şertnama baglaşypdyr. Aýal-gyzlar futbol kluby bolan "Dudullu spor" 2014-nji ýylda döredildi, Türkiýäniň Kadynlar Süper Ligasynda oýnaýar diýip, habarda bellenýär. Neşiriň maglumatyna görä, Musatskaýa Türkmenistandan daşary ýurt klubynyň hatarynda oýnamaga çagyrylan ilkinji futbolçy bolup durýar.

Hukuk toparlary ganly basyp ýatyrmalary ýazgarýar, eýranlylar protestlerini dowam etdirýär

Azathabar.com 

Adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň otuzdan gowragy Tähranyň baş örtüsini düzüwli geýmezlikde aýyplanan we tussaglykda ölen gyz sebäpli protest bildirýän adamlary gazaply basyp ýatyrmagyny ýazgardy, tutuş ýurdy sarsdyran gozgalaňlara gatnaşýan eýranlylar yza tesmek alamaty görkezmediler. “Amnesty International”, Human Rights Watch we beýleki toparlar Eýranyň tutuş ýurt boýunça geçirilýän protestleri rehimsiz basyp ýatyrmaga ýurduň "gowy ýola goýlan repressiýa enjamlaryny mobilizlemeginden" “çuňňur aladalaryny” bildirýärler. Читать дальше...

Uçar ýykylmagy netijesinde ölenleriň sany 13 adama ýetdi

Azathabar.com 

Eýskdäki uçar heläkçiliginden soň ölenleriň sany 13 adama ýetdi: gijäniň dowamynda harabalygyň aşagyndaky barlag, gözleg işlerini tamamlan halas edijiler ýene 10 jeset tapdy, ölenleriň arasynda üç sany çaga hem bar. "Adatdan daşary ýagdaý ministrliginiň halas edijileri Eýskdäki harabalygy barlap çykanlaryndan soň, uçaryň ýykylan ýerinde ölenleriň jesetlerini tapdylar. 18-nji oktýabrda, sagat 06: 00-a çenli bolan ýagdaýa görä, uçar ýykylmagy sebäpli 13 adam, şol sanda üç çaga öldi" diýip, Saglygy goraýyş ministrligi telegramda aýtdy. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Арина Соболенко

Арина Соболенко призналась в том, что не любит женский теннис






Минздрав: большая часть оборудования в скорых стала отечественной

Заместитель прокурора Брянской области и бизнес-омбудсмен провели встречу с предпринимателями Бежицкого района

В столице подвели итоги олимпиады «Не прервется связь поколений»

Продолжается реализация квартир в лучшем ЖК у моря по версии Crimea Development Awards