Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2022

Новости за 27.10.2022

Maryda býujet işgärlerinden 'pagta ýygymyna gitmeýändigi' barada dilhaty alynýar

Azathabar.com 

Şu günler Türkmenistanyň dürli sebitlerinde pagta ýygymy möwsümi we munuň bilen baglylykda býujet işgärleriniň gowaça meýdanlaryna mejbury alnyp gidilmegi dowam edýär. Bu mejbury çäräniň arasynda, Mary welaýatynyň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleri döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden "pagta ýygymyna gitmeýändigi" barada dilhaty alýarlar. Bu aralykda, häkimiýetler heniz pagta hasyly we gowaça çöpleri doly ýygylyp alynmadyk gowaça meýdanlarynda güýzlük bugdaý ekişine bat berýärler. Bu ýagdaýlar... Читать дальше...

Azatlygyň maglumatyndan, türkmen sürüjileriniň Farap gümrükhanasyndan geçirilmegi çaltlaşdyryldy

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosynyň türkmen sürüjileriniň Farap gümrükhanasyndan Özbegistana geçmek üçin Lebap welaýatynda bir hepde çemesi garaşmaly bolýandygy baradaky maglumatlaryndan soň, Türkmenistanyň häkimiýetleri ýerli ýük ulag sürüjileriniň gümrükden geçirilmegini birneme çaltlaşdyrdylar. Bu barada ýerli sürüjileriň ençemesi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenbaşyda pagta ýagyna we una telefon simini ýükleýärler

Azathabar.com 

Un, çörek, pagta ýagy Türkmenistanyň ilatynyň aglaba köplügi üçin esasy iýmit bolýar. Emma hatda bu önümleri hem satyn almak ilat üçin synaga öwrülýär. Täjirçilik bahasyndan birneme arzan ýagny subsidirlenen bahadan satylýan önümler dükanlarda seýrek bolýar, käbir ýagdaýlarda geçmeýän harytlar bilen bile satylýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Balkan welaýatyndaky ýagdaý barada habar berýärler.

Azatlygyň maglumatyndan soň, türkmen ýük ulaglarynyň Farap gümrükhanasyndan geçirilmegi çaltlaşdyryldy

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosynyň türkmen sürüjileriniň Farap gümrükhanasyndan Özbegistana geçmek üçin Lebap welaýatynda bir hepde çemesi garaşmaly bolýandygy baradaky maglumatlaryndan soň, Türkmenistanyň häkimiýetleri ýerli ýük ulaglarynyň gümrükden geçirilmegini birneme çaltlaşdyrdylar. Bu barada ýerli sürüjileriň ençemesi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi. 18-nji oktýabrda sebitdäki habarçymyz ýerli sürüjileriň Farap gümrükhanasyna göni baryp bilmeýändigini, olardan ilki welaýatyň Çärjew etrabyndaky... Читать дальше...

Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen aradaky uçar gatnawlary köpelýär

Azathabar.com 

26-njy oktýabrda Belawiýanyň açan uçar gantnwaynyň çäginde iberen ilkinji uçary Türkmenbaşa gondy diýp, “Türkmenistanyň Hronikasy” awikompaniýanyň telegram sahypasyna salgylanyp habar berýär. 1-nji noýabrdan başlap, bu uçuşlaryň sişenbe günleri, her iki hepdede bir gezek amala aşyryljakdygy habar berilýär. “Türk howaýollary” 2-nji noýabrdan Stambul - Türkmenbaşy - Stambul ugurlarynda yzygiderli uçar gatnawlaryny dikelder diýip, hökümetçi neşirler biraz öň kompaniýanyň Aşgabatdaky bölümine salgylanyp habar berýärler. Читать дальше...

Lebapda köne ekskawatorlar akabalary gazmaga girişýär, Amyderýanyň suwunyň çekilmegi alada döredýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda ekerançylyk suwlarynyň üpjünçiligi bilen bagly dowam edýän aladalaryň arasynda, şu günler Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Amyderýadan gözbaş alýan emeli kanallary hem-de sebitde ýerleşýän zeýkeşleri gazmak işlerine badalga berildi. Gazuw işlerine Lebap welaýatynyň Suw hojalygy edarasynyň tehnikalary çekilýär. Ekskawator sürüjileri gazuw işlerinde ulanylýan köne tehnikalaryň çalt bozulýandygyny, ätiýaç şaýlarynyň ýetmezçilik edýändigini aýdýarlar.

Maryda býujet işgärlerinden 'pagta ýygymyna gitmeýändigi' barada dilhaty alynýar

Azathabar.com 

Şu günler Türkmenistanyň dürli sebitlerinde pagta ýygymy möwsümi we munuň bilen baglylykda býujet işgärleriniň gowaça meýdanlaryna mejbury alnyp gidilmegi dowam edýär. Bu mejbury çäräniň arasynda, Mary welaýatynyň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleri döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden "pagta ýygymyna gitmeýändigi" barada dilhaty alýarlar. Bu aralykda, häkimiýetler heniz pagta hasyly we gowaça çöpleri doly ýygylyp alynmadyk gowaça meýdanlarynda güýzlük bugdaý ekişine bat berýärler. Bu ýagdaýlar... Читать дальше...

Kanun çykaryjy Tbilisidäki öýünde öli tapyldy

Azathabar.com 

Häkimiýet başyndaky “Gürjüstanyň arzuwy” partiýasynyň kanun çykaryjysy Irakli Hakubia Tbilisidäki öýünde, gapdalynda ýatan tüpeň bilen, öli tapyldy. Bu ýerde bir bilinmeýän oýnuň oýnalan bolmak ähtimallygy düýbünden aradan aýrylmady, ýöne Içeri işler ministrligi 27-nji oktýabrda Azatlyk radiosynyň Gürji gullugyna Hakubianyň ölümi boýunça derňew işiniň geçirilendigini, onuň öz-özüni öldüren bolmagynyň mümkin hasaplanylýandygyny aýtdy. Habar beriş serişdeleri 51 ýaşly kanun çykaryjynyň 2017-nji ýylda polisiýadan gaçyp gutulmakçy bolanda... Читать дальше...

27-nji oktýabr – Türkmenistanyň öňki Garaşsyzlyk güni

Azathabar.com 

27-nji oktýabry türkmenistanlylaryň köpüsi 1991-nji ýylda garaşsyz ýurt bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň yglan edilen güni, ozalky SSSR-iň düzüminde häzirki zaman türkmen döwletiniň düýbüniň tutulan güni hökmünde ýatlaýar. Bu taryhy sene 26 ýyl soň, öň hiç kimiň ýadynda düşmejek bir güne, 27-nji sentýabra geçirilip, 2018-nji ýyldan bäri bir aý öňünden bellenilýär we 27-nji oktýabr güni bilen bagly möhüm taryhy wakalar, stalinçilik repressiýanyň pidasy bolan watançy türkmenler, şol sanda Türkmenistanyň... Читать дальше...

Eýran häkimiýetleri AÝ/AR-nyň bosgunlykda ýogalan žurnalistiniň jesedini alyp gaçdy

Azathabar.com 

Eýranyň howpsuzlyk gulluklary AÝ/AR-nyň geçen hepde rak keselinden ýogalan žurnalisti Reza Hagigatnejadyň jesedini alyp gaçyp, onuň dogduk topragynda jaýlanmagynyň öňüni aldylar. AÝ/AR-nyň 45 ýaşly žurnalisti Hagigatnejad 17-nji oktýabrda Berlindäki Çarite keselhanasynda aradan çykdy we onuň jesedi 25-nji oktýabrda, öz ýurdunda jaýlanmagy üçin Eýrana iberildi. Emma muňa garamazdan, çeşmeleriň Hagigatnejadyň 2019-njy ýyldan bäri işleýän "Farda" radiosyna beren habaryna görä, Yslam rewolýusiýasyny... Читать дальше...

Gürjüstan türkmen gazyny satyn almak isleýär, Gyrgyzystan gaz üçin gepleşik geçirýär

Azathabar.com 

Gruziýanyň Nebit-gaz korporasiýasynyň baş müdiri Giorgi Çikowani öz ýurdunyň türkmen tebigy gazyny satyn almak isleýändigini aýtdy diýip, “Arzuw.news” neşiri habar berýär. “Türkmenistandan tebigy gazyň iberilmegi bilen diňe Ýewropa Bileleşigi däl, eýsem Gruziýa hem gyzyklanýar. Emma muňa garamazdan, türkmen tebigy gazy ilki Azerbaýjan bazaryna eksport edilmeli. Bu mesele halkara hyzmatdaşlygynyň tagallalary bilen çözülip bilner” diýip, ol aýtdy. Çikowaniniň pikirine görä, bu meseleleriň çözülmegi üçin ÝB ýurtlarynyň... Читать дальше...

Gyrgyz häkimiýetleri serhet wideosy sebäpli AÝ/AR-nyň web sahypasyny petikleýär

Azathabar.com 

Gyrgyz hökümeti AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugynyň web sahypasyny petikledi. Häkimiýetler bu çärä teleradio ýaýlym Täjigistan bilen serhetdäki çaknyşyklar barada habar berýän programmalaryň biriniň çap eden wideosyny sahypadan aýyrmakdan ýüz öwreninden soň ýüz urdy. Gyrgyzystanyň Maglumat ministrligi 26-njy oktýabrdaky beýanatynda “Azattyk” radiosynyň web sahypasynyň iki aýlap petiklenýändigini aýtdy. Ministrlik bu çäräniň "Gyrgyzystanyň milli bähbitlerine ters gelýän" ygtybarsyz materiallara "jogap hökmünde görlendigini aýtmak bilen... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Арина Соболенко

Арина Соболенко призналась в том, что не любит женский теннис






Кобелев отметил важность матча «Динамо» - «Зенит»

Все, шашлыки отменяются: в майские праздники на россиян обрушится настоящее климатическое бедствие

Азербайджан забирает новые территории после ухода русских. Пашинян не сопротивляется решениям

Брат Дхумохона Курбонова также задержан по делу о теракте в "Крокусе"