Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2022

Новости за 24.10.2022

Kor: Türkmenler Eýrandaky protestlere gatnaşyp, demokratiýa we azatlyk talap edýärler

Azathabar.com 

Eýranda mundan alty hepde ozal Mahsa Amininiň baş örtgüsini “nädogry” geýendigi üçin saklanyp, soňra-da tussaglykda ýogalmagyndan soň başlan protestler ýurduň içinde we daşynda dowam edýär. 22-nji oktýabrda Eýranda fabrika işgärleri we dükan eýeleri iş taşlaýyş geçiren mahaly, Germaniýanyň paýtagty Berlinde hem aglabasy eýranlylar Tähran hökümetine garşy protest çäresini geçirdiler. Oňa eýranly türkmenlerden dört maşgala hem gatnaşdy. Bellesek, Eýran etniki türkmenleriň köplük bolup ýaşaýan ýurtlarynyň başynda gelýär. Читать дальше...

Tahyr Ataýewiň orkestri dört ýyllygyny belledi

Azathabar.com 

22-nji oktýabrda Aşgabatdaky Mukamlar köşgünde "San Remo Aşgabat" atly konserti Tahyr Ataewiň kirişli saz gurallarynyň orkestri tarapyndan geçirildi. Bu ýyl meşhur orkestr dört ýaşady. Baýramçylyk konsertiniň geçişi barada Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy gürrüň berdi.

Maryda ýangyn howpsuzlygy işgärleri barlag geçirýär, jerime ýazmak we para almak 'möwjeýär'

Azathabar.com 

Şu günler Mary welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleri durmuş maksatly desgalara, hojalyk jaýlaryna we hususy eýeçilikdäki dükanlara aýlanyp, ýangyn döredip biljek enjamlary barlaýarlar. Ýaşaýjylar işgärleriň bu barlaglary ilatdan para almagyň ýene bir guralyna öwrendigini aýdýarlar. Bu barlaglar türkmen hökümetiniň güýz-gyş ýyladyş möwsümine taýýarlyk işini maslahat etmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysynyň maglumatlaryna görä, Ýangyn... Читать дальше...

Balkanly kärendeçiler: Harmana tabşyrýan pagtamyzyň mukdary ammarlarda kemeldip ýazylýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda pagta ýygym möwsümi dowam edýän mahaly, pagtaçy kärendeçiler hasyly döwlet harmanyna tabşyrmak döwründe "bidüzgünçilikleriň bardygyny" habar berýärler. Olar harmana tabşyrýan pagta hasylynyň mukdarynyň ammarlarda kemeldip ýazylmagyndan şikaýat edýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.

Tahyr Ataýewiň orkestri dört ýyllygyny belledi

Azathabar.com 

22-nji oktýabrda Aşgabatdaky Mukamlar köşgünde "San Remo Aşgabat" atly konserti Tahyr Ataewiň kirişli saz gurallarynyň orkestri tarapyndan geçirildi. Bu ýyl meşhur orkestr dört ýaşady. Baýramçylyk konsertiniň geçişi barada Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy gürrüň berdi. Tahyr Ataýew ilkinji konsertine ýüz tomaşaçy gelen bolsa, şu gün müň adamyň gelendigini esasly buýsanç bilen aýtdy. "San Remo Aşgabat" ady bilen geçirilen konsertde San Remodaky ýaryşda baýrak alan Adriano Çelentano, Toto Kotunýo... Читать дальше...

Türkmenistan ýurduň dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgedip 28 mln manat tygşytlamak isleýär

Azathabar.com 

Türkmen häkimiýetleri ýurduň dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgetmek baradaky yglan edilen soňky planlarynyň netijesinde 28 million manat býujet serişdesiniň tygşytlanmagyna garaşylýandygy aýdýarlar. Emma ýerli hünärmenler hökümetiň bu ädimi sebäpli müňlerçe raýatyň iş orunlaryny ýitirjekdigini we pasport ýaly dokumentlerini täzelemek üçin goşmaça çykdajylary etmeli boljakdyklaryny duýdurýarlar.

'Buýruk bermegi gowy görýän adamlar gözegçilik edýän kişi bolup, kömek etmäge derek, päsgel berýär'

Azathabar.com 

“Köp ýagdaýlarda buýruk bermegi gowy görýän adamlar gözegçilik edýän kişi bolup, kömek etmegiň deregine, päsgel berýärler” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy, eks-prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni kanun çykaryjylar bilen geçiren duşuşygynda aýtdy. Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda eden çykyşynda ýurduň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň pes depgininden nägile boldy we munuň bilen baglylykda ýolbaşçylary we häkimleri günäkärledi. Öňki prezident häkimliklerde... Читать дальше...

Türkmenistan ýurduň dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgedip 28 mln manat tygşytlamak isleýär

Azathabar.com 

Türkmen häkimiýetleri ýurduň dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgetmek baradaky yglan edilen soňky planlarynyň netijesinde 28 million manat býujet serişdesiniň tygşytlanmagyna garaşylýandygy aýdýarlar. Emma ýerli hünärmenler hökümetiň bu ädimi sebäpli müňlerçe raýatyň iş orunlaryny ýitirjekdigini we pasport ýaly dokumentlerini täzelemek üçin goşmaça çykdajylary etmeli boljakdyklaryny duýdurýarlar. 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, ýurduň ozalky prezidenti Gurbanguly... Читать дальше...

Gyrgyz polisiýasy ondan gowrak aktiwisti we syýsatçyny tussag etdi

Azathabar.com 

Gyrgyz polisiýasy, Özbegistan bilen serhet şertnamasynyň taslamasyna garşy bolandyklary üçin, ondan gowrak raýat aktiwistiniň we syýasatçynyň öýüni dökdi. Adam hukuklaryny goraýjy Aziza Abdirasulowanyň sözlerine görä, birnäçe adam 48 sagatlap tussag edildi. Polisiýa tussag edilenleriň takyk sanyny bermedi. Içeri işler ministrligi biraz öň köpçülikleýin bidüzgünçilik geçirmek üçin görülýän taýýarlygy derňeýändigini aýtdy. Öý dökülmeleri Gyrgyzystan bilen Özbegistanyň iki ýurduň arasyndaky ähli... Читать дальше...

Irkutsk: Harby uçar iki gatly jaýyň üstüne ýykyldy

Azathabar.com 

Irkutskda harby uçar iki gatly jaýyň üstüne gaçdy. "112" telegram kanalynyň habaryna görä, Su-30 kysymly söweş uçary awiazawoddan uçanyndan soň heläkçilige uçrady. “Sota” kanalynyň deslapky maglumatlaryna görä, uçarmanlaryň ikisi-de öldi. Ýangyn meýdany 200 inedördül metre ýetdi. Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi Irkutskda uçar heläkçiliginde iki pilotyň ölendigini tassyklady. Şeýle-de ministrlik ilat arasynda ölenleriň ýokdugyny aýtdy. Irkutsk sebitiniň häkimi Igor Kobzew uçarmanlaryň ikisiniň-de ölendigini tassyklady. Читать дальше...

Berdimuhamedowlar Hytaý lideriniň üçünji möhlete başlyk bolmagyny gutlaýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň DIM-23-nji oktýabrda metbugsat üçin maglumat çap edip, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylarynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Sýan Naýçen bilen bazar güni geçirilen duşuşykda oňa gutlag hatyny gowşurandyklaryny habar berýär. Bu gutlag haty prezident Serdar Berdimuhamedowyň, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan, Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpiniň Hytaý Halk Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň baş sekretary wezipesine... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Прямая трансляция матчей Рыбакиной и Путинцевой за выход в 1/8 финала турнира в Мадриде






Подмосковные ученики победили на всероссийской школьной олимпиаде

Народный фронт. Как балалаечники, слесари и пенсионеры Москву защищали

Блогер Асхаб Тамаев попал в ДТП около Москва-Сити

Известный блогер Тамаев попал в ДТП на люксовом авто около «Москва-Сити»