Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2022

Новости за 26.10.2022

NASA Türkmenistanda ýokary derejede metan gazyny syzdyrýan 12 ýeriň üstüni açdy

Azathabar.com 

NASA-nyň kosmosdan düşüren täze suratlary Türkmenistanyň nebit-gaz infrastrukturasyndaky ondan gowrak ýerde ýokary derejede metan gazynyň syzýandygynyň üstüni açdy. Bu barada "Reuters" neşiri 26-njy oktýabrda habar berdi. NASA-nyň, ABŞ-nyň komos agentliginiň 25-nji oktýabrda ýaýradan maglumatyna görä, şekillendiriş spektrometri diýlip atlandyrylýan orbital gural şu ýylyň iýul aýynda Halkara kosmos stansiýasynda ýerleşdirileni bäri Merkezi Aziýada, Ýakyn Gündogarda we Günorta-Günbatar Amerikada... Читать дальше...

Prezident pagta ýygymynyň depginini ýene tankytlady. Balkanda býujet işgärleri köpçülikleýin gowaça meýdanlaryna iberilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda pagta ýygymynyň pes derejede alnyp barylýandygyna ýene nägilelik bildirdi. Bu, prezidentiň soňky 10 günüň dowamynda pagta ýygymynyň depginini tankytlamagy bilen bagly ikinji waka boldy. Bu habarlaryň arasynda, Balkan welaýatynyň häkimiýetleri pagta hasylyny ýygnap almak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirdiler. Şu günler welaýatyň edara-kärhanalarynda işleýän işgärler köpçülikleýin pagta ýygymyna gatnaşdyrylýar. Býujet işgärlerini pagta meýdanlaryna... Читать дальше...

Baýramalyda ýol heläkçiliginde dört adam ýogaldy

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda iki awtoulagyň birek-biregi bilen çaknyşmagy netijesinde dört adam heläk boldy. Bu ýagdaýlara şaýat bolanlaryň habarçymyza gürrüň bermegine görä, ‘Täze ýol’ geňeşliginiň golaýynda dörän bu ýol heläkçiliginiň sebitine halas ediş, şol sanda ýangyn söndüriji gulluklary has giç gelipdirler.

Eýranlylar Mahsa Amininiň 40-yny belläp, "Diktatora ölüm!' diýip gygyrdylar

Azathabar.com 

Eýranlylar, aýallaryň ýolbaşçylygynda tutuş ýurt boýunça guralýan protestlere edilýän ganly basyşlara garamazdan, häkimiýetleriň duýduryşlaryna boýun bolman, kyrkyny bellemek üçin, Mahsa Amininiň mazarynyň başyna ýygnandylar. 22 ýaşly Amini 16-njy sentýabrda Tähranda, hijabyny düzüw örtünmezlikde aýyplanyp tussag edileninden üç gün soň, polisiýa gözegçiliginde aradan çykdy. Resmiler tarapyndan ýürek keseli sebäpli diýlip düşündirilen ölüm ýurduň şäherlerinde hökümete garşy nägilelik tolkunyny döretdi. Читать дальше...

Türkmenistan, Gruziýa arasynda uçar gatnawyny açmak şertnamasy güýje girdi

Azathabar.com 

Hökümetçi neşir Türkmenistan bilen Gruziýanyň (Gürjüstanyň) arasynda ilkinji gezek göni uçar gatnawynyň ýola goýuljakdygyny aýdýar, ýöne uçarlaryň haçan uçup başlajgyny anyklaşdyrmaýar. Habarda aýdylmagyna görä, gürji parlamenti iki ýurduň hökümetleriniň “Howa aragatnaşygy barada” şu ýylyň 20-nji iýulynda baglaşan şertnamasyny tassyklady we Aşgabat bilen Tbilisiniň göni uçuşlara başlamagyna mümkinçilik berýän ylalaşyk güýje girdi. Resminama laýyklykda, Gruziýa (Gürjüstan) we Türkmenistan birek-biregiň... Читать дальше...

Türkmen prezidenti ýene bir 'kemçilik' goýberen resmini işden boşatdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti, “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” diýip, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowy wezipesinden boşatdy. Bu habar hökümet başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary we welaýat häkimleri bilen geçiren iş maslahatynyň yz ýanyna gabat geldi. Sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatda oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy, sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Новак Джокович

Шикарный и практичный стиль Елены Джокович из базовых вещей






В Московской области простились с убитым на парковке мотоциклистом

Памятную доску герою ВОВ Леониду Виноградову открыли в Мытищах

Хоккеисты и тренеры МХК "Тамбов" награждены серебряными медалями Кубка регионов

Подмосковный фонд «Подари подарок» запустил проект «Путь волонтера»