Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2022

Новости за 20.10.2022

Britan premýeri Liz Tras işinden çekildi

Azathabar.com 

Britan premýer-ministri Liz Tras öz partiýasynyň içinde dörän açyk gozgalaň bilen baglylykda işinden çekildi. 6-njy sentýabrda Boris Jonsonyň wezipesini öz üstüne alan Tras 20-nji oktýabrda telewideniýede göni ýaýlymda berlen beýanatynda wezipesinden çekiljekdigini, ýöne täze lider saýlanýança ornunda galyp, wezipe borçlaryny ýerine ýetirjekdigini aýtdy. Şeýle-de Tras liderlik saýlawlarynyň indiki hepdäniň içinde tamamlanjakdygyny aýtdy. Angliýada 2024-nji ýyla çenli milli saýlaw geçirilmeli däl. Читать дальше...

Balkanly kärendeçiler: Harmana tabşyrýan pagtamyzyň mukdary ammarlarda kemeldip ýazylýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda pagta ýygym möwsümi dowam edýän mahaly, pagtaçy kärendeçiler hasyly döwlet harmanyna tabşyrmak döwründe "bidüzgünçilikleriň bardygyny" habar berýärler. Olar harmana tabşyrýan pagta hasylynyň mukdarynyň ammarlarda kemeldip ýazylmagyndan şikaýat edýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi. "Welaýatyň Bereket we Serdar etraplaryndaky harmanhanalaryň pagtalary ölçäp, kabul edýän nokatlaryndaky tereziler pagtanyň mukdaryny ýalňyş ölçeýär. Ýagny bu tereziler... Читать дальше...

Aşgabat Mirziýoýewi garşylaýar, özbek diasporasy goňşy prezidentiň saparyny maslahatlaşýar

Azathabar.com 

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 20-21-nji oktýabrda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça resmi sapar bilen Aşgabada barýar. Saparyň öň ýany, türkmen häkimiýetleri Aşgabatda hereketi bölekleýin çäklendirýärler. Türkmenistandaky özbek diasporasy goňşy prezidentiň saparyny ara alyp maslahatlaşýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy hepdäniň dowamynda Aşgabatdaky Magtymguly şaýolunyň Atamyrat Nyýazow köçesine çenli ýapylandygyny, şaýoluň ugry bilen gatnaýan awtobuslaryň ugrunyň üýtgedilendigini habar berýär. Читать дальше...

Türkmenistana dolanan raýatlar kadaly iş tapyp bilmeýärler

Azathabar.com 

Türkmenistanyň halkara uçar gatnawlaryny artdyrmagy bilen golaýda ýurda dolanan, şol sanda daşary ýurtlarda zähmet migrantlary bolan türkmenistanlylar kadaly iş tapyp bilmän kösenýärler. Türkmenistanda giň ýaýrandygy bellenilýän işsizligiň arasynda, ýakynda watanyna dolanan raýatlaryň köpüsiniň, iş we has gowy ýaşaýyş şertleri ugrunda, ýene-de ýurdy terk etmek üçin tagalla edýändigi bellenilýär. “Häzir [Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi] Türkmenabadyň zähmet biržasynyň öňünde her gün iş gözleýänleriň sanawyna durmak üçin... Читать дальше...

Türkmenistanda sakgal goýýan we metjide barýan adamlar ýene yzarlanýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň käbir sebitlerinde sakgal goýýan we metjide barýan adamlary yzarlamak çäreleri güýçlendi. Şu günler Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň köçelerinde Milli howpsuzlyk ministrliginiň we polisiýanyň işgärleri sakgal goýýan adamlara garşy reýdleri geçirýärler. Saklanan adamlar polisiýa merkezlerine alnyp gidilýär we bu ýerde olar sakgalyny syrmaga mejbur edilýär. Şeýle-de, býujet işgärlerine dilden berlen görkezme esasynda metjide baryp, namaz okamak gadagan edilýär. Bu gadagançylygy bozanlar işden çykarylýar. Читать дальше...

Mirziýoýew oba hojalyk önümleriniň eksportyny $2 milliarda çenli ýokarlandyrmagy tabşyrdy

Azathabar.com 

2023-nji ýylda Özbegistanyň agrosenagat toplumynda 600,000 iş orny döredilmeli we eksportyň mukdary 2 milliard dollara ýetirilmeli diýip, prezident Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda oba hojalygy barada geçirilen ýygnakda aýdyldy. Prezidentiň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, ýygnakda howanyň üýtgemegi we dünýädäki kyn ýagdaý sebäpli oba hojalyk önümleriniň bahalarynyň ýokarlanmagyna garaşylýandygy bellenildi. “Biziň oba hojalygyna aýratyn üns bermegimiz we oba hojalyk meselelerini ýygy-ýygydan... Читать дальше...

Okyjynyň haty: Türkmenistanda milli azlyklara 'üns berilmeýär'

Azathabar.com 

Özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň 20-21-nji oktýabr aralygynda Türkmenistana amal edýän döwlet saparynyň öňýany, okyjylarymyzyň biri Türkmenistandaky milli azlyklaryň, hususanda, etniki özbekleriň ýagdaýyna ünsi çekdi. Bellemeli ýeri, okyjylaryň hatlary, şol sanda orfograýiýasy bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär. Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 20-21-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana iş sapary bilen geler. Читать дальше...

Gazak Senaty Türkmenistan bilen döwlet serhedi baradaky şertnamany tassyklady

Azathabar.com 

Gazak metbugatynyň wise-premýer, daşary işler ministri Muhtar Tleuberdiniň sözlerine salgylanyp ýazmagyna görä, iki goňşy ýurduň arasynda baglaşylan şertnamanyň tassyk edilmegi Türkmenistan bilen arada serhet dawalarynyň döremek ähtimallyklaryny aradan aýrar. Tassyklanan şertnama laýyklykda, Hazar deňzindäki suw derejesiniň peselmegi bilen baglylykda iki ýurduň arasyndaky döwlet serhediniň çägi üýtgemez. Bu şertnama bir ýyl çemesi öň, 2021-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda, Aşgabatda gol çekildi.... Читать дальше...

Azyk howpsuzlygyny 'üpjün eden' Türkmenistan Orsýetden ýeralma daşaýar

Azathabar.com 

Hökümetçi “Türkmenportal” neşiri Türkmenistanyň şu aýda Russiýanyň Orýol sebitinden ýeralma import edendigini habar berýär. Neşir bu importy Orýol sebitiniň Türkmenistana eden ilkinji ýeralma eksporty hökmünde häsiýetlendirýär. “Rosselhoznadzoryň” resmi web sahypasynda aýdylmagyna görä, ýeralmalar 7 tapgyrda ugradylyp, olaryň umumy agramy 140 tonna barabar. Mundan öň Türkmenistan ýurduň içerki bazarlaryny üpjün etmek, daşary ýurtlara eksport etmek üçin niýetlenen gök-bakja önümleriniň önümçiliginiň ýokarlandyrylandygyny aýdyp... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Полина Михайлова

Россиянка Полина Михайлова стала чемпионкой Франции по настольному теннису






Baijiahao: Россия нашла способ лишить Великобританию золота

Ресурсный Центр «СПАС» провел семинар для студентов Санкт-Петербургской Духовной академии

Латвия: подорвёт ли Байба Браже заложенную Кришьянисом Кариньшем мину?

Shot: экс-бойфренда Волочковой подозревают в обмане московского бизнесмена