Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2022

Новости за 13.10.2022

Türkmenistandan Russiýa gitmek isleýän türkmenleriň sany köp bolmagynda galýar

Azathabar.com 

Russiýada harby mobilizasiýanyň yglan edilendigine garamazdan, köp türkmenistanly bu ýurda wagtlaýyn ýa-da hemişelik göçüp gitmegini dowam etdirýär. Muňa Moskwa gitmek üçin uçar biletlerini satyn alýanlaryň we Russiýa syýahatçylyk wizalaryny almaga kömek edýän kompaniýalaryň öňündäki adamlaryň sanynyň köp bolmagy şaýatlyk edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy we çeşmesi maglumat berdi.

Serdar Berdimuhamedow Gazagystana sapar eder

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 14-nji oktýabrda Gazagystana sapar edip, Astana şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa – Russiýa sammitine gatnaşar. Bu barada hökümetçi arzuw.news neşiri Gazagystanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp, habar berdi.

“Ýene-de başlandy...”: Býujetçiler mejbury çäreleriň köpelmeginden nägile bolýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda iki ýyl çemesi dowam eden pandemiýa çäklendirmeleriniň gowşadylmagy netijesinde, şol sanda býujet işgärleriniň hem gatnaşdyrylmagynda geçirilýän köpçülikleýin çäreleriň gerimi artýar. Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan lebaply ýaşaýjylar, bu günler yzly-yzyna geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin, uzakly gün iş ýerlerini we öýlerini terk etmeli bolýandyklaryny aýdýarlar.

Maryda zir-zibil çelekleri arassalanmaýar

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň ýaşaýjylary zir-zibil çelekleriniň öz wagtynda arassalanmazlygyndan şikaýat edýärler. Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ençeme ýaşaýjy çelekleriň we onuň daşynyň zir-zibilden dolýandygyny aýdýar. Munuň bilen bagly, töwerekde ýakymsyz ys ýaýraýar we bu ýerlerde dürli mör-möjekler, şol sanda siňekler, itler hem-de pişikler üýşýär. Ýaşaýjylar bu ýagdaýlar barada häkimliklere edýän şikaýatlarynyň netijesiz galýandygyny aýdýarlar.

Aşgabatda ermeni kompozitory Arno Babajanýanyň 100 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi

Azathabar.com 

Beýik ermeni kompozitory Arno Babajanýanyň sazy Aşgabatda ýerine ýetirildi. Kompozitoryň dünýä inmeginiň 100 ýyllygyna bagyşlanan konsert 8-nji we 9-njy oktýabrda Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri tarapyndan ýerine ýetirildi. Konserte tomaşa eden Azatlygyň habarçysy Aşgabatdan gürrüň berýär. Ermeni kompozitoryň eserleri 8-nji oktýabrda Ermenistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Mukamlar köşgünde... Читать дальше...

Türkmen ministri Astanadaky maslahata gatnaşdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 12-nji oktýabrda Astanada, GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy diýip, Türkmen DIM-i habar berýär. Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda geçirilen çärä gatnaşan resmiler GDA-nyň çägindäki daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerini, sebit we halkara gün tertibiniň esasy meselelerini maslahatlaşdylar. Читать дальше...

Haagada Rwanda gyrgynçylygynyň wagyzçysynyň işine seredilýär

Azathabar.com 

Haagada Rwandada 1993-nji ýylyň iýulyndan 1994-nji ýylyň iýulyna çenli işlän we Rwanda genosidini, XX asyryň iň ganly gyrgynçylyklarynyň birini öjükdirmekde uly rol oýnan RTLM radiosynyň esaslandyryjysy, 89 ýaşly Felisen Kabuganyň kazyýet işine seredilýär. Bu radionyň ady fransuz dilinde bolup, müň baýyryň azat radio we telewideniýesi, ýagny müň baýyrdan ybarat ýurduň erkin neşiri diýen manyny berýär. Synçylaryň we alymlaryň käbiri hutu hökümetiniň bu radiony ulanyp, 1994-nji ýylda ýüzlerçe müň... Читать дальше...

Hukuk topary Eýranda dörän tolgunyşyklarda azyndan 201 adamyň ölendigini aýdýar

Azathabar.com 

Eýranyň Adam hukuklary (EAH) topary tutuş ýurt boýunça geçirilen demonstrasiýalarda azyndan 201 adamyň, şol sanda 23 çaganyň öldürilendigini habar berdi. Düýbi Osloda ýerleşýän topar hijabyny düzüw geýmezlikde aýyplanan 22 ýaşly gyzyň tussaglykda ölmegine gahar-gazap bildiren protestçiler gazaply basylyp ýatyrylanda öldürilen adamlaryň sanynyň hakykatda has köp bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdy. EAH 12-nji oktýabrda Mahsa Amini polisiýa gözegçiliginde aradan çykaly bäri geçirilen protestler mahalynda azyndan 108 adamyň öldürilendigini... Читать дальше...

Maryda zir-zibil çelekleri arassalanmaýar

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň ýaşaýjylary zir-zibil çelekleriniň öz wagtynda arassalanmazlygyndan şikaýat edýärler. Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ençeme ýaşaýjy çelekleriň we onuň daşynyň zir-zibilden dolýandygyny aýdýar. Munuň bilen bagly, töwerekde ýakymsyz ys ýaýraýar we bu ýerlerde dürli mör-möjekler, şol sanda siňekler, itler hem-de pişikler üýşýär. Ýaşaýjylar bu ýagdaýlar barada häkimliklere edýän şikaýatlarynyň netijesiz galýandygyny aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysynyň maglumatyna görä... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

«Был риск завершить борьбу еще в первом матче». В России оценили победу Рыбакиной в Штутгарте






В Шаховской вручили первые жилищные сертификаты переселенцам из аварийного жилья

В Музее Победы представят проекты празднования 80-летия Победы

Жительница Ленинского округа выплатит 2 миллиона рублей за свалку

В РПЦ объяснили свой отказ от попыток к пасхальному перемирию с Киевом