Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2022

Новости за 10.10.2022

Marynyň çetki obalaryndaky orta mekdeplerde SSSR döwründen galan partalar ulanylýar

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çet obalaryndaky orta mekdeplerde zähmet çekýän mugallymlar mekdepleriň hojalyk üpjünçiliginiň pes ýagdaýyndan şikaýat edýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertlerde gürrüňdeş bolan ýerli mugallymlar synp otaglaryndaky partalaryň we oturgyçlaryň juda könelişendigini, hojalyk üpjünçiliginiň gözgyny ýagdaýynyň bilim-terbiýeçilik işleriniň hiline ýaramaz täsir edýändigini aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş... Читать дальше...

Türkmen ýaşlarynyň okuw üçin goşun gullugyny yza süýşürmek baradaky arzalary ret edilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda ýokary okuw jaýlarynda okamak isleýän raýatlar üçin goşun gullugyny yza süýşürmek prosesi has çylşyrymlaşdy. Harby billige alýan bölümleriň ilatyň goşun gullugyny yza süýşürmek baradaky arzalaryna seretmekden ýüz öwürýän wagtynda, daşary ýurt uniwersitetlerinde okaýan türkmen raýatlarynyň ene-atalaryna olaryň harby borjuny ýerine ýetirmekleri üçin watanyna gaýtarylmagyny talap edýän duýduryşlar gowşurylýar.

Türkmen ýaşlarynyň okuw üçin goşun gullugyny yza süýşürmek baradaky arzalary ret edilýär 

Azathabar.com 

Türkmenistanda ýokary okuw jaýlarynda okamak isleýän raýatlar üçin goşun gullugyny yza süýşürmek prosesi has çylşyrymlaşdy. Harby billige alýan bölümleriň ilatyň goşun gullugyny yza süýşürmek baradaky arzalaryna seretmekden ýüz öwürýän wagtynda, daşary ýurt uniwersitetlerinde okaýan türkmen raýatlarynyň ene-atalaryna olaryň harby borjuny ýerine ýetirmekleri üçin watanyna gaýtarylmagyny talap edýän duýduryşlar gowşurylýar. Balkan welaýatynda ilaty harby hasaba alýan bölümler indiki okuw ýylynda... Читать дальше...

Türkmenistanda saglyk işgärleriniň güni bellenýär, lukmanlar özleriniň ‘ünsden düşürilýändigini’ aýdýar

Azathabar.com 

10-njy oktýabrda Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bu gün mynasybetli ýollan gutlagynda ýurtda ilatyň saglygyny goramak boýunça ‘gowy netijeleriň gazanylandygy”, şeýle-de bu sebäpli ilatyň saglyk ýagdaýynyň gowulanandygy we adam ömrüniň ortaça dowamlylygynyň artdandygy öňe sürülýär. Şol bir wagtda, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýerli lukmanlar soňky ýyllarda saglyk işgärleriniň zähmet haklarynyň yzygiderli kemeldilýändigini... Читать дальше...

Bişkek Moskwanyň ýolbaşlygyndaky KHŞG-nyň öz ýurdunda geçmeli türgenleşigini ýatyrdy

Azathabar.com 

Gyrgyzystan Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy gurmasynyň goşunlarynyň öz çägindäki türgenleşiklerini ýatyrmak kararyna geldi diýip, ýurduň Goranmak ministrliginiň metbugat gullugy aýtdy. KHŞG-nyň serkerdelik-ştab tälimleriniň "Aýrylmaz doganlyk - 2022" maşklary 10-njy oktýabrdan 14-nji oktýabr aralygynda Gyrgyzystanyň çäginde, Yssykköl sebitiniň Balykçi şäherinde geçirilmelidi. Harby maşklaryň geçirilmeginiň näme üçin goýbolsun edilendigi aýdylmady. Türgenleşiklere gatnaşyjylar 26-njy sentýabrdan 8-nji oktýabr aralygynda Gazagystanda... Читать дальше...

Eýranda geçirilýän demonstrasiýalara 1000-den gowrak işçi goşuldy

Azathabar.com 

Geýim-eşik düzgünlerini bozmakda aýyplanyp saklanan gyzyň tussaglykda ölmegi sebäpli möwjeýän gahar-gazabyň güýçlenmegi we nägilelik bildirýän protestçileriň köpelmegi bilen, başga pikirlileriň güýç bilen basylyp ýatyrylmagynyň we tussag edilmeginiň arasynda, Buşehr we Damawand nebit-himiýa zawodlarynyň 1000-den gowrak işçisi Eýranda geçirilýän demonstrasiýalara goşuldy. Farda radiosynyň maglumatyna görä, nebitçi işçiler 10-njy oktýabrda giriş ýollaryny baglap, golaýda toplanan howpsuzlyk güýçleriniň... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Прямая трансляция матчей Рыбакиной и Путинцевой за выход в 1/8 финала турнира в Мадриде






В Сосновом бору в Москве обнаружены человеческие кости

Когда в 2024 году Страстная неделя, церковные и народные традиции на этот период

Подмосковный нарколог объяснил опасность шашлыка с алкоголем

Кадыров готовится к бегству из Чечни - СМИ