Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2022

Новости за 03.10.2022

Mekdeplerde geçirilen barlaglar ‘bilim pudagyndaky kemçilikleri ýaşyrýar

Azathabar.com 

Ýaňy-ýakynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň bilim we terbiýeçilik edaralarynda welaýat bilim bölüminden iberilen ýörite hünärmenler topary barlag geçirdi. Ýöne ýerli mugallymlaryň birnäçesi baş maksady sebitiň orta mekdeplerinde çagalara berilýän bilimiň hilini barlamaga "gönükdirilen" çäreleriň bilim pudagyndaky kemçilikleriň üstüni “ýaşyrmakdan” başga “bähbit” getirmändigini aýdýarlar.

Türkmenistan Türkiýe bilen wiza režimini girizen badyna Stambula adaty uçar gatnawyny ýola goýdy

Azathabar.com 

Iki ýyllyk arakesmeden soň Türkmenistan Türkiýe bilen yzygiderli howa gatnawlaryny ýola goýýar. Bu barada Türkmenistanyň onlaýn neşirleri habar berdi. Türkmen raýatlary tarapyndan iň köp isleg bildirilýän uçar ugrunyň açylmagy iki ýurduň arasynda wizasyz gatnamak mümkinçiligiň ýatyrylmagynyň yzýanyna gabat geldi. Türkmenistanyň ýarym resmi onlaýn neşirleriniň "Türkmenistan" awiakompaniýasyna salgylanyp, çap eden habaryna görä, Aşgabatdan Stambula göni yzygiderli uçar gatnawlary 5-nji oktýabrdan başlanar. Читать дальше...

Türkmenistan Türki döwletler guramasyna agza bolar

Azathabar.com 

Geçen aý Aşgabadyň haýyşy boýunça Türkmenistanyň raýatlary üçin Türkiýä wizasyz syýahat düzgünini ýatyran türk resmileri öňümizdäki aý Türkmenistanyň Türki döwletler guramasyna doly agzalygynyň tassyklanjakdygyny aýdýarlar.

Mekdeplerde geçirilen barlaglar ‘bilim pudagyndaky kemçilikleri ýaşyrýar’

Azathabar.com 

Ýaňy-ýakynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň bilim we terbiýeçilik edaralarynda welaýat bilim bölüminden iberilen ýörite hünärmenler topary barlag geçirdi. Ýöne ýerli mugallymlaryň birnäçesi baş maksady sebitiň orta mekdeplerinde çagalara berilýän bilimiň hilini barlamaga "gönükdirilen" çäreleriň bilim pudagyndaky kemçilikleriň üstüni “ýaşyrmakdan” başga “bähbit” getirmändigini aýdýarlar. “Geçirilen barlaglar mekdeplerde okuwçylara berilýän bilimiň hilini barlamaga gönükdirilmedi” diýip... Читать дальше...

Türkmenistan Türki döwletler guramasyna agza bolar

Azathabar.com 

Geçen aý Aşgabadyň haýyşy boýunça Türkmenistanyň raýatlary üçin Türkiýä wizasyz syýahat düzgünini ýatyran türk resmileri öňümizdäki aý Türkmenistanyň Türki döwletler guramasyna doly agzalygynyň tassyklanjakdygyny aýdýarlar. Türkmenistan Türki döwletler guramasynyň agzasy bolar diýip, Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly 29-njy sentýabrda mälim etdi. Guramanyň 11-nji noýabrda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriljek sammitinde Türkmenistanyň agzalygynyň tassyklanylmagyna garaşylýar. Читать дальше...

Maryda benzin gytçylygy emele geldi

Azathabar.com 

Soňky birnäçe günden bäri ýangyja baý Türkmenistanyň Mary welaýatynda ýiti benzin gytçylygy döredi. Ýerli ulag eýeleri munuň duýdansyz ýüze çykandygyny, şeýle-de ulaglaryna ýangyç guýdurmak umydy bilen, şol sanda çetki etrapdyr şäherlerden hem sürüjileriň merkezi Mary şäherine köpçülikleýin ýagdaýda gelýändiklerini gürrüň berdiler.

Polşa Belarus bilen serhetde gurýan haýatynyň gurluşygyny tamamlady

Azathabar.com 

Polşa Belarus bilen serhetde gurýan haýatynyň gurluşygyny tamamlady diýip, Polşanyň ýörite gulluklarynyň wekili Stanislaw Žaryn aýtdy. "Häzirki wagtda Polşa bikanun girmek mümkin däl. Polşa serhedi şu günki günde Ýewropadaky iň goragly serhet” diýip, ol twitterde ýazdy. Serhet haýatynyň gurluşygyna takmynan 330 million ýewro sarp edildi. Haýatyň gurluşygy 2021-nji ýylyň güýzünde, Belarusyň üsti bilen ÝB-ne bikanun girmäge synanyşan migrant akymynyň birden ýokarlanmagy sebäpli başlandy. Şonda... Читать дальше...

Gresiýadan Bolgariýa çekilen geçiriji işe girizildi, ýurda Azerbaýjan gazy iberiler

Azathabar.com 

1-nji oktýabrda Gresiýadan Bolgariýa çekilen gaz geçirijisi resmi taýdan işe girizildi. Sofiýada geçirilen dabara Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Leýen, Bolgariýanyň, Serbiýanyň, Demirgazyk Makedoniýanyň we Azerbaýjanyň prezidentleri, Rumyniýanyň we Gresiýanyň hökümet baştutanlary gatnaşdy. Bolgariýa täze çekilen geçiriji arkaly Azerbaýjandan 3 milliard kub metrden 5 milliard kub metre çenli gaz, Gresiýadan bolsa suwuklandyrylan gaz alyp biler. Taslamanyň esasy maksatlarynyň biri... Читать дальше...

Eýran polisiýasy Tähran uniwersitetindäki protestçiler bilen çaknyşdy

Azathabar.com 

Eýranyň howpsuzlyk güýçleri 22 ýaşly zenanyň tussaglykda ýogalmagy sebäpli geçirilen protestleriň dowamynda Tähran uniwersitetindäki studentler bilen çaknyşdy. 16-njy sentýabrda ahlak polisiýasy tarapyndan baş örtügini nädogry geýendigi sebäpli saklanan Mahsa Amini birnäçe gün soňra huşuna gelmän, hassahanada aradan çykdy. Ol öleli bäri Eýranda, köplenç aýallaryň dolandyrmagynda, köpçülikleýin gahar-gazap bildirildi. Sosial ulgamlarda 2-nji oktýabrda ýerleşdirilen wideolarda başgaça pikirlenýänleriň... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Мирра Андреева установила новый рекорд на турнирах WTA-1000






Нашёлся ещё один пострадавший от криминальных схем бывшего жениха Волочковой

Россия будет стремиться преодолеть любые санкции ...

Младенец в Башкирии выжил после падения из окна десятиэтажки

Дмитрий Песков: противники будут тестировать Россию на «слабо»