Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2022

Новости за 25.10.2022

Türkmenabatda köne aeroportuň sökülmegi bilen bagly galplyklar ýüze çykaryldy

Azathabar.com 

Türkmenabat şäheriniň we töwereginiň infrastrukturasy özgerýär. Soňky alýarda bu ýerde täze magistral ýollar gurulýar, transport desgalary işe girizildi. Munuň bilen bir wagtda öňki desgalar söküldi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmeleri köne aeroportuň sökülmegi bilen bagly käbir galplyklaryň ýüze çykarylandygyny, binanyň gurluşyk materiallarynyň söwdasy sebäpli birnäçe adamyň tutulandygyny habar berýärler.

Türkmenbaşyda edaralardaky we ýaşaýyş jaýlaryndaky ýyladyş ulgamlary barlanýar

Azathabar.com 

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher häkimliginiň işgärleri edara-kärhanalarda we ýaşaýyş jaýlarynda barlaglary geçirýärler. Barlaglaryň çäginde jaýlardaky we edaralardaky ýyladyş ulgamlary barlanýar. Şeýle-de, häkimlik işgärleri üçeklerden öýlerine ýagyn suwlary geçýän ýaşaýjylara jaýlaryň üçeklerinde abatlaýyş işleriniň geçiriljekdigini wada berýärler. Bu habar şäherde onlarça ýaşaýjynyň öýüne üçeklerden ýagyn suwlarynyň geçýändigi barada Azatlyk Radiosynda çap bolan maglumatyň yz ýanyna gabat geldi.

Balkanyň häkimiýetleri býujet işgärlerini köpçülikleýin pagta ýygymyna çekýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň häzirki we öňki prezidentleri ýurtda pagta ýygymynyň pes derejede alnyp barylýandygyna nägilelik bildirensoň, Balkan welaýatynyň häkimiýetleri pagta hasylyny ýygnap almak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirdiler. Şu günler welaýatyň edara-kärhanalarynda işleýän işgärler köpçülikleýin pagta ýygymyna mejbury gatnaşdyrylýar. Býujet işgärlerini pagta meýdanlaryna alyp gitmek işlerine jemgyýetçilik awtobuslary çekilýär. Pagtaçy kärendeçiler bu ýyl sebitiň gowaça meýdanlarynda pagtanyň hasyllylygynyň pes bolandygyny aýdýarlar. Читать дальше...

Türkmen uniwersiteti dünýäniň iň gowy ÝOJ-larynyň 100-ligine girdi

Azathabar.com 

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti dünýäniň hukuk ugry boýunça bilim berýän iň gowy ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girdi diýip, hökümetçi “Türkmenportal” neşiri nica.team neşirine salgylanyp habar berýär. Nica.team bu sanawy her kalendar ýyly üçin dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň hukuk ugry boýunça halkara bäsleşiklerde gazanan netijeleri esasynda taýýarlaýar diýip, habarda aýdylýar. Şeýle-de, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň sanawa talyplarynyň şu ýyl... Читать дальше...

Maryda ýangyn howpsuzlygy işgärleri barlag geçirýär, jerime ýazmak we para almak 'möwjeýär'

Azathabar.com 

Şu günler Mary welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleri durmuş maksatly desgalara, hojalyk jaýlaryna we hususy eýeçilikdäki dükanlara aýlanyp, ýangyn döredip biljek enjamlary barlaýarlar. Ýaşaýjylar işgärleriň bu barlaglary ilatdan para almagyň ýene bir guralyna öwrendigini aýdýarlar. Bu barlaglar türkmen hökümetiniň güýz-gyş ýyladyş möwsümine taýýarlyk işini maslahat etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmen prezidenti harby okuw-meýdan türgenleşiginiň geçişini synlady

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 24-nji oktýabrda Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurduň Ýagarly güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän deňiz okuw-türgenleşik merkezinde bilelikde geçirilen harby okuw-meýdan türgenleşiginiň barşyny synlady. Bu türgenleşikde uçarmansyz uçarlaryň howadaky uçuşlary we ot açyş urgulary hem-de goşunlaryň taktiki hereketleri «TürkmenÄlem 52oE» emeli aragatnaşyk hemrasynyň kömegi bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly ýörite ekranlarda görkezildi diýip... Читать дальше...

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligi açyldy

Azathabar.com 

24-nji oktýabrda Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Dabaraly açylyşa, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatryna gelenleriň sanynyň juda köp bolmagy aşgabatlylaryň we paýtagtyyň myhmanlarynyň “Bitewülikde köpdürlülik” ady bilen geçirilýän  Medeniýet hepdeligine uly gyzyklanma bildirýändiklerine şaýatlyk edýär diýip, TDH ýazýar. Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji Renata Wrubel gutlag sözi bilen çykyş etdi. Читать дальше...

Türk uçarlary Türkmenistana ýolagçy gatnatmagyny dikelder

Azathabar.com 

“Türk howaýollary” 2-nji noýabrdan Stambul - Türkmenbaşy - Stambul ugurlarynda yzygiderli uçar gatnawlaryny dikelder diýip, hökümetçi neşirler kompaniýanyň Aşgabatdaky bölümine salgylanyp habar berýärler. Uçuşlar çarşenbe we penşenbe günlerinde amala aşyrylar we geljekde kompaniýa olaryň sanyny köpeltmegi meýilleşdirýär. Türkiýeden Türkmenistana gelmek we yzyňa dolanmak üçin biletleriň bahasy 497 dollardan başlanýar. Olary “Türk howaýollarynyň” Aşgabat bölüminden alyp boljakdygy aýdylýar. Mundan öň... Читать дальше...

Gyrgyz protestçileri serhet şertnamasynyň tankytçylarynyň boşadylmagyny talap edýär

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde ýygnanan protestçiler hökümetiň goňşy Özbegistan bilen aradaky serhet şertnamasy taslamasynyň garşysyna köpçülikleýin bidüzgünçilik gurajak bolmakda aýyplanýan syýasatçylaryň we aktiwistleriň derrew tussaglykdan boşadylmagyny talap etdiler. “Kilim Çami” hukuk topary Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň iki ýurduň arasynda ähli ýer dawasyny çözmek üçin gol çekmekçi bolýan şertnamasyn garşy bolmakda aýyplanyp, 23-nji oktýabrda 21 adamyň tussag edilendigini aýtdy. Ylalaşyga görä... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Арина Соболенко

Соболенко: я предпочитаю смотреть мужской теннис, а не женский






Первая ракетка мира Швентек вышла в четвертый круг турнира в Мадриде

Почти 300 жителей Королева обратились с вопросами на «Выездной Администрации»

Два населенных пункта в Ступине в субботу останутся без света

Меры по обеспечению надежного электроснабжения введут в Подмосковье в праздники