Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2021

"Talyban" Hytaýyň Owganystany täzeden gurmakda "baş hyzmatdaş" boljagyny aýdýar

0

"Talyban" Hytaýyň Owganystan bilen aradaky diplomatik gatnaşyklaryny pugtalandyrjakdygyny we Kabuldaky täze dolandyryjylaryň ABŞ ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleri ýurtdan cykarylandan soň, ykdysady goldaw üçin Pekine bil baglajakdygyny aýtdy.

"Talybanyň" metbugat wekili Zabihullah Mujahid 2-nji sentýabrda Italiýanyň "La Repubblica" gazetine beren interwýusynda ykdysady çökgünligi togtatmakda we ýurdy täzeden gurmakda Hytaýyň "esasy hyzmatdaş" boljakdygyny aýtdy.

"Talyban" 15-nji awgustda Owganystanyň Günbatar tarapyndan goldanýan hökümetini agdaraly bäri käbir adam hukuklaryny goramak we köne duşmanlaryndan öç almazlyk wadalaryny berdi

Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlary özleriniň diplomatik missiýalaryny ýapdylar we talyban hökümetiniň islendik görnüşde ykrar edilmeginiň, şeýle-de ozalky hökümete berlen ykdysady goldawyň berilmeginiň bu toparyň hereketlerine bagly boljakdygyny aýtdy.

Emma muňa garamazdan, Hytaý kömek bermek we syýasy gatnaşyk gurmak meselesini adam hukuklary bilen baglanyşdyrjaga meňzemeýär.

"Hytaý biziň esasy hyzmatdaşymyz we biziň üçin düýpli we adatdan daşary bir mümkinçilik bolup durýar, sebäbi ol ýurdumyza maýa goýmaga we ony täzeden gurmaga taýyn" diýip, Mujahid “La Repubblica” gazetine beren interwýusynda aýtdy.

Mujahid "Talybanyň" Hytaýyň global infrastruktura we onlarça ýurt bilen ykdysady, syýasy gatnaşyklary berkitmek üçin döredilen "Guşak we ýol" başlangyjyna gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

“Bizde hytaýlylaryň kömegi bilen döwrebaplaşdyryp boljak baý mis känleri bar. Netijede, Hytaý biziň dünýä bazarlaryna biletimiz bolar" diiýip, Mujahid aýtdy.

"Talybanyň" başga bir metbugat wekili bolsa 2-nji sentýabrda Hytaýyň Owganystandaky ilçihanasyny açyk saklamak, gatnaşyklary "güýçlendirmek", şeýle-de ynsanperwer kömegini artdyrmak wadasyny söz berendigini aýtdy.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Андрей Рублёв

Рублёв стал победителем «Мастерса» в Мадриде






Лавров: Запад желает, чтобы православию был нанесен непоправимый ущерб

Бывшего мужа Навки арестовали с женой и маленькой дочкой 

Отказ США от российского урана может ударить по ...

«Динамо» – на первом месте. Перед заключительным днем 27-го тура таблица ЧР приобрела уникальный вид