Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2021

Täjigistan Owganystandan gaçyp gelen 100-e golaý adamy kabul etdi

0
Täjik resmileri öten gije Owganystandan Täjigistanyň serhedini geçen 200 owgan raýatynyň arasyndan 100 sanysyny, şol sanda köp aýallary we çagalary kabul etdi. Owganystanda “Talybanyň” häkimiýeti ele geçirmeginden soň, raýatlaryň belli bir bölegi ýurdy terk etmek ugrunda tagalla edýär.


Täjigistanyň günorta-gündogaryndaky Hamdoni etrabynyň ýerli hökümetindäki ençeme çeşmäniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, owgan raýatlary iki ýurduň serhedinden geçýän Panj derýasyndan aşypdyrlar.


Çeşmeleriň sözlerine görä, 100 töweregi owganystanly Duşenbäniň etegine geçirilipdir, galanlary hem yzyna – Owganystana ugradylypdyr. Bu maglumat resmi taýdan tassyklanmady.


Owganystan bilen serhetleşýän Merkezi Aziýa döwletleri uruşdan ejir çeken goňşy ýurtdan abanyp biljek howpsuzlyk wehimlerine we onlarça müň bosgunlaryň mümkin akymyna alada bildirýärler. Mundan öň, Türkmenistan COVID-19 aladalaryna salgylanyp, owgan bosgunlaryny öz serhet çäklerine kabul etmekden ýüz öwürdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса