Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2021

ABŞ daşary ýurt syýahat çäklendirmelerini waksina talaplary bilen gowşadýar

0
Prezident Jo Baýden daşary ýurt raýatlarynyň ABŞ-a syýahat etmegine degişli çäklendirmelerini gowşadýar. Noýabrda güýje girjek täze düzgüne laýyklykda, ABŞ-a syýahat etmek isleýän ähli daşary ýurt raýaty doly waksina kabul eden bolmaly. Ýewropa Bileleşigi we Britaniýa bu karara hoşallyk bildirdi.


20-nji sentýabrda täze düzgüni yglan eden Ak tamyň COVID-19 utgaşdyryjysy Jeff Zients Birleşen Ştatlara syýahat etmek isleýän daşary ýurt raýatlaryndan uçara münmezden öň sanjym kepilnamasynyň hem-de syýahatdan üç gün ozal tabşyrylan negatiw COVID-19 test netijesiniň soraljakdygyny aýtdy.


Şeýle-de, administrasiýa waksina kabul etmedik ABŞ raýatlaryna degişli test düzgünlerini güýçlendirdi. Olar ABŞ-a dolanmazdan bir gün ozal COVID-19 testini tabşyrmaly bolarlar, şeýle-de, olar ýurda dolananlarynda koronawirus barlagyndan geçmeli bolarlar.


Doly sanjym kabul eden ýolagçylardan karantin talap edilmez, diýip Zients aýtdy.


Täze düzgün ilkibaşda Donald Tramp tarapyndan kabul edilen hem-de geçen ýyl Baýden tarapyndan güýçlendirilen birnäçe syýahat çäklendirmeleriniň ornuna girizildi. Yglan edilen täze düzgüni Ýewropa Bileleşigi makullady, Germaniýa oňlady we Britaniýa “ajaýyp” atlandyrdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса