Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2021

Guterriş: Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalary “parahat we durnukly” Owganystany görmek isleýär

0
Guterriş: Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalary “parahat we durnukly” Owganystany görmek isleýär

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik bäş agzasy Owganystany durnukly ýurda öwürmäge çalyşmak meselesinde bir pikire geldi diýip, BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş 22-nji sentýabrda Angliýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Russiýanyň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen gepleşiklerden soň aýtdy.

Guterriş žurnalistlere bu bäş döwletiň ählisiniň "ynsanperwer kömeginiň kynçylyksyz we diskriminasiýasyz paýlanyp bilinjek parahatçylykly we durnukly Owganystany" görmek isleýändigini aýtdy. 

Olar "aýal-gyzlaryň hukuklarynyň hormatlanýan Owganystanyny, terrorçylygyň mesgenine öwrülmedik Owganystany, ilatyň ähli gatlaklaryna wekilçilik edýän öz içine alyjy hökümeti bolan Owganystany"  görmek isleýär diýip, BMG-niň başlygy sözüniň üstüni ýetirdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary we Angliýanyň, Fransiýanyň, Russiýanyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde duşuşdy. Olaryň hytaýly kärdeşi gepleşiklere onlaýn arkaly  goşuldy. 

Geçen aý ABŞ we NATO goşunlarynyň ýurtdan çykmagy bilen, “Talybanyň” Owganystany çalasyn basyp almagy bu ýurduň Günbatara hüjüm etmegi meýilleşdirýän yslamçy söweşijileriň gaçybatalgasyna öwrülip biljekdigi baradaky aladalary döretdi. 

Hytaý we Russiýa yslamçy gozgalaňçylar bilen işleşmäge başlady we bu ýurduň daşary ýurtlardaky emläkleriniň doňdurylmazlygyny öňe sürdi.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Анастасия Потапова вышла во второй круг турнира WTA-1000 в Риме






Мать с ребенком упали с четвертого этажа в шахту лифта в Иванове

Задержанного в Москве пьяным и без одежды американца отпустили

Депутат Госсовета РТ Нигматулин возглавил реготделение партии «Новые люди» в Татарстане

Nara Play показала в Москве свою концертную программу и презентовала дебютный альбом на башкирском языке