Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2021

Moskwada migrantlara kanun kömegini berýan hukuk goraýjy aerportda saklandy

0
Moskwada migrantlara kanun kömegini berýan hukuk goraýjy aerportda saklandy

Russiýanyň howpsuzlyk güýçleri migrant hukuklaryny goraýan Walentina Çupigi Moskwanyň Şeremetýewo aeroportunda, Ermenistandan yzyna dolanyp gelýärkä tussag etdi diýip, AÝ/AR-nyň “Häzirki wagt” telekanaly 25-nji sentýabrda habar berdi.

"Jahan daňy" atly migrant merkeziniň ýolbaşçysy bolan Çupik "Nowaýa Gazeta" häkimiýetleriň öz dokumentlerini elinden alandygyny we 17-nji sentýabrdan bäri bosgun statusyndan mahrum edilendigini habar berendigini aýtdy. Şeýle-de Çupigiň Orsýete gelmegi 30 ýyllap gadagan edildi diýip, “Nowaýa gazeta” ýazýar. 

Habarda Çupigiň gynamalara sezewar bolup bilinjek ýerine, Özbegistana deportasiýa edilmek ähtimallygy baradaky aladalar arasynda,  howa menzilindäki ýörite tussaghana ýerleşdirilendigi aýdylýar.

Çupik "Nowaýa Gazeta" beren interwýusynda "Men Şeremetýewo howa menzilinde, F. terminalynda, ýörite tussaghanada otyryn” diýipdir. Gazet soň onuň bilen habarlaşyp bolmandygyny, aragatnaşygyň kesilendigini habar berýär.

2005-nji ýylda gündogar Andijon şäherinde bolan hökümete garşy protestler güýç bilen basylyp ýatyrylandan soň  Özbegistandan Russiýa göçen hukuk goraýjy Moskwada migrantlara mugt kanun kömegini bermek bilen meşgullanýardy.

Moskwadaky “Memorial” merkeziniň Merkezi Aziýa programmasynyň başlygy Witaliv Ponomarýew Özbegistanda doglan, ýuridiki ylymlaryň kandidaty, 48 ýaşly Çupigiň uzak wagt bäri Moskwada ýaşandygyny, onuň bosgun durumynyň bolandygyny we bosgunlyk şahadatnamasynyň möhletiniň 2022-nji ýylyň 11-nji iýunyna çenli uzaldylandygyny belleýär. 

Emma oňa, hamala ýalan maglumat berendigi üçin, bosgunlyk durumynyň 17-nji sentýabrda ýatyrylandygy aýdylypdyr. Çupik muny diňe tussag edilen wagtynda bilip galypdyr.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Новак Джокович

Джоковичу разбили голову бутылкой после матча. Видео






Леденящее душу преступление в Приморье стало явным после 11-летней давности

"Вы теперь мой друг на всю жизнь. Я видел, как вы стреляете". Делегация Гвинеи-Бисау посетила Чечню

Если «Динамо» наберет 4 очка в двух последних турах, это гарантирует ему чемпионский титул

Гвинейские военные попросили 16-летнего сына Кадырова обучить их стрельбе