Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2021

COVID Ikinji jahan urşundan bäri adam ömrüň gysgalmagyna esasy uly sebäp boldy

0
COVID Ikinji jahan urşundan bäri adam ömrüň gysgalmagyna esasy uly sebäp boldy

Barlaglaryň netijelerine görä, COVID-19 pandemiýasy Ikinji jahan urşundan bäri adam ömrüniň peselmegine getiren iň esasy sebäpleriň biri boldy.

Seljerilen 29 ýurtdan, şol sanda Ýewropany, ABŞ-ny we Çilini öz içine alýan maglumatlar ömrüň dowamlylygyny ýokarlandyrmak boýunça edilen köp ýyllyk ösüşleriň pandemiýa zerarly ýok edilendigini görkezdi.

"Netijelerimiziň, COVID-19 bilen gönüden-göni baglanyşykly täsirleriň şeýle uludygyny, köp ýurt üçin nähili zarba urandygyny görkezýär" -diýip Epidemiologiýa žurnalynda 27-nji sentýabrda çap edilen hasabatyň awtorlaryndan Ridhi Kaşyap aýdýar.

Derňelýän 29 ýurduň 22-sinde ömrüň dowamlylygy 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende alty aýdan gowrak azaldy.

Ýurtlaryň köpüsinde erkeklere degişli sanlar aýallardan has erbet. ABŞ-da erkekleriň ömür dowamlylygy 2019-njy ýyl bilen deňeşdireniňde 2,2 ýyl azalypdyr, Litwada erkekleriň ýaşy 1,7 ýyl gysgalypdyr.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ölüm derejesi esasan işlemäge ukyply ýaşly we 60 ýaşa ýetmedik adamlaryň hasabyna ýokarlandy, Ýewropada bolsa 60 ýaşdan uly adamlaryň arasynda ölüm derejesiniň ýokarlanmagy umumy sana goşant goşdy.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Александрова не смогла обыграть Саснович и покинула турнир WTA-1000 в Риме






МЧС: при особом противопожарном режиме разведение костров запрещено

Baza: более 26 миллионов рублей исчезло со счетов московского монастыря

Ученый Богачев: впервые за 20 лет случилась буря высшего балла

Построенные по городской программе соцобъекты в Царицыне создадут более 200 рабочих мест