Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2021

Demirgazyk Gazagystan sebitinde guş dümewi ýaýraýar

0

Demirgazyk Gazagystan sebitiniň Magžan Žumabaýew etrabynyň Lebýažýe obasynda guş dümewiniň ýaýraýandygy hasaba alyndy. Soňky bir hepdäniň dowamynda ýedi fermanyň keteklerinde müňden gowrak öý guşy öldi. Oba karantin astyna alyndy.

"Guş dümewi" diagnozy Milli weterinariýa referens merkezinde geçirilen laboratoriýa derňewlerinde  tassyklandy” diýip, Demirgazyk Gazagystan sebitiniň Akimat weterinariýa bölüminiň öňüni alyş we kesgitlemek bölüminiň baş hünärmeni Nariman Tasbolatow aýtdy. 

Şeýle-de ol, geçirilen epizootik derňewiň netijelerine görä,  ýokanç keseliň öý guşlarynyň suw howdanyndaky ýabany guşlar bilen garylyp-gatylmagy esasynda ýokuşandygyny belledi.

Tasbolatowyň sözlerine görä, wirus ähtimallygyny barlamak üçin goňşy obalardaky guş fermalarynda hem barlag geçirilipdir.

Demirgazyk Gazagystan sebiti şu ýyl guş dümewiniň öňüni almak üçin 1,2 million dozada sanjym aldy.

Lebýažýe obasynda bir ýarym müňden gowrak guşa sanjym edildi. Ýokary derejeli guş dümewiniň ýaýramagy netijesinde, 2020-nji ýylyň aýagynda sebitde bir ýarym milliondan gowrak guşy öldi.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Саснович вышла в основную сетку турнира WTA-1000 в Риме






Президент Лаоса отметил роль России в развитии многополярного справедливого мира

Псковичи стали серебряными призерами турнира по волейболу «Кубок Феникса»

«Россети Московский регион» встретили День Победы на «Рубеже обороны Москвы»

Депутат Мособлдумы Черемисов поздравил Елизавету Терон с 9 Мая