Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2022

Eýran polisiýasy Tähran uniwersitetindäki protestçiler bilen çaknyşdy

0
Eýran polisiýasy Tähran uniwersitetindäki protestçiler bilen çaknyşdy

Eýranyň howpsuzlyk güýçleri 22 ýaşly zenanyň tussaglykda ýogalmagy sebäpli geçirilen protestleriň dowamynda Tähran uniwersitetindäki studentler bilen çaknyşdy.

16-njy sentýabrda ahlak polisiýasy tarapyndan baş örtügini nädogry geýendigi sebäpli saklanan Mahsa Amini birnäçe gün soňra huşuna gelmän, hassahanada aradan çykdy.

Ol öleli bäri Eýranda, köplenç aýallaryň dolandyrmagynda, köpçülikleýin gahar-gazap bildirildi.

Sosial ulgamlarda 2-nji oktýabrda ýerleşdirilen wideolarda başgaça pikirlenýänleriň merkezi bolan Şerif uniwersitetiniň daşynyň onlarça polisiýa ofiseri tarapyndan gurşalyp alnandygy görkezildi.

Wideolaryň birinde howpsuzlyk güýçleriniň studentleri uniwersitet şäherçesinden kowup çykarmak üçin göz ýaşardyjy gaz ulanýandygy görünýär, daşdan atylýan tüpeň sesleri eşidilýär.

Eýranyň döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleri uniwersitetdäki wakalary "çaknyşyklar baradaky habarlar" hökmünde häsiýetlendirdi we ýurduň ylym ministriniň ýagdaýlary barlamak üçin uniwersitet şäherçesine baryp görendigini aýtdy.

Studentler 2-nji oktýabrda bir topar uniwersitetde protest bildirdiler we, gatnaşýanlaryň "garaşsyzlyk, azatlyk, Hameneýä ölüm" diýip gygyrmagy bilen, Tähran, Ýazd, Kermanşah, Sanandaj, Şiraz we Maşat ýaly birnäçe şäherde demonstrasiýa geçirildi.

Eýranyň düýbi Norwegiýada ýerleşýän Adam hukuklary topary öz beýanatynda "şu wagta çenli Eýranda 133 adamyň öldürilendigini", şol sanda günorta-gündogar Sistan-Bulujystan welaýatynyň paýtagty Zahedan şäherinde geçen hepde bolan çaknyşykda 40-dan gowrak adamyň ölendigini aýtdy.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Андрей Рублёв

Рублёв в трёх сетах обыграл Маркоса Гирона и вышел в третий круг «Мастерса» в Риме






Московское море: каким оно было?

Стало известно, сколько готовы потратить россияне на косметический ремонт

Исполнительницу Аллу Пугачеву на официальном уровне признали в Израиле

Эквайеры спускаются в подземку // Банкиров привлекают большие обороты по счетам метрополитена