Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2022

Maryda täze awtowokzalyň işe girizilmegi ilat üçin kynçylyk döretdi

0
Maryda täze awtowokzalyň işe girizilmegi ilat üçin kynçylyk döretdi

Maryda täze awtowokzalyň işe girizilmegi ilatyň şäher bilen beýleki ilatly nokatlaryň arasynda hereket etmegini kynlaşdyrdy. Garaşsyzlyk güni ulanylyşa berlen döwrebap infrastruktura ilat üçin ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak üçin döredilendigi aýdyldy.

Marymyň ýaşaýjylary indi başga etraplara gatnaýan awtobuslara münmek üçin has köp wagt we pul sarp etmäge mejbur bolýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Marydan habar berýärler. Olaryň sözlerine görä, täze awtobus duralgasy şäheriň eteginde ýerleşýär we şäheriň ýaşaýjylary oňa barýança ençeme kynçylyga duçar bolýarlar.

"Indi ýaşaýjylaryň ulag çykdajylary iki esse artdy. Öň awtobus stansiýasy Türkmenistan köçesinde ýerleşýärdi. Indi Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp, açylan täze awtowokzala barmak üçin şäherden çykmaly bolýar. Mysal üçin, Marydan Baýramaly şäherine barýan awtobusa münmek üçin ilki bilen awtowokzala barmaly, bu hem goşmaça çykdajy, şeýle-de ýoluň ters ugry. Şeýlelik-de Marydan Baýramala göni taksili gitmek has çalt we arzan bolýar"- diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Ol şäherdäki ulag hyzmatlarynyň bahalary bilen gyzyklanyp, häzirki wagtda Marydan täze awtowokzala taksili barmagyň ortaça 8-10 manada duşýändigini, Marydan Baýramaly şäherine awtobus gatnawynyň bahasynyň 3 we 5 manat aralygyndadygyny aýtdy. Bu aralykda, şäherleriň arasynda gatnaýan hususy taksiler Marydan Baýramala ortaça 6-7 manada alyp barýar.

Ilatda Mary şäheriniň we etraplaryň arasyndaky transport hyzmatlaryna uly zerurlyk bar. Ýygy-ýygydan sapar edýän, şol sanda günde işe gatnaýan ýaşaýjylar indi goşmaça çykdajylara galýarlar.

"Etraplardan Mary şäherine awtobus bilen gaýdyp barsaň, awtobus stansiýasyndan öýe aşmak üçin ýene-de taksi tutmaly bolýar. Bu hem gymmat, hem-de wagt alýar" diýip, Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Habarçynyň sözlerine görä, şäherde taksi tapmak hem kyn mesele, sebäbi polisiýa ähli taksi sürüjileriniň täze awtobus stansiýasynda durmagyna gözegçilik edýär. Şuňa meňzeş talap hususy mikroawtobuslara, şeýle-de etraplaryň arasynda gatnaýan taksilerde-de degişli.

"Bu, täze awtowokzalyň işini işjeňleşdirmek üçin edilýär" - diýip, Azatlygyň çeşmeleriniň biri belleýär.

Sebitiň häkimiýetleri ilatyň duçar bolýan transport problemalaryny gozgamaýar.

Bu aralykda, ýurduň hökümeti ýurduň ulag transport infrastrukturasyny ösdürmek üçin ep-esli serişdeleri bölüp berýär.

Hususan-da, Mary welaýatynyň üstünden geçýän Aşgabat-Türkmenabat awtoulag ýolunyň we degişli infrastruktura desgalarynyň gurluşygy üçin 2019-njy ýylda 2,3 milliard amerikan dollary bölünip berildi. Türkmen döwlet habar gullugynyň (TDH) maglumatyna görä, proýektiň Tejen-Mary bölegindäki ýol we desgalar 2022-nji ýylyň dekabrynda, Mary-Türkmenabat bölegi 2023-nji ýylyň dekabrynda taýýar bolar diýlip, planlaşdyrylypdyr.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Александр Зверев

Александр Зверев раскритиковал график соревнований в туре






Киноэксперты назвали пять военных фильмов, которые стоит пересмотреть

Премьер Армении обсудит с Путиным вопросы безопасности в закрытом режиме

В Тамбовской и Липецкой областях ввели режим ЧС в сельском хозяйстве

Жапаров отметил позитивный эффект для Киргизии от интеграции в ЕАЭС