Eýranda geçirilýän demonstrasiýalara 1000-den gowrak işçi goşuldy
Farda radiosynyň maglumatyna görä, nebitçi işçiler 10-njy oktýabrda giriş ýollaryny baglap, golaýda toplanan howpsuzlyk güýçleriniň gapdalynda "Diktatora ölüm!" diýen ýaly şygarlara gygyrdylar.
Soňky günlerde ýurduň birnäçe şäherinde işçileriň iş taşlaýandygy, hususan-da kürtleriň köpçülik bolup ýaşaýan sebitlerinde iş taşlaýyşlaryň köpelendigi habar berilýär.
22 ýaşly Mahsa Amininiň 16-njy sentýabrda, Tähranyň ahlak polisiýasy tarapyndan hijabyny ‘düzüw’ geýmezlikde aýyplanyp tussag edileninden üç gün soň aradan çykmagy bilen bagly habar ýaýrap-ýaýramanka, ozaly bilen ýurduň kürt sebitlerinde uly gahar-gazap bildirildi.
Eýranyň düýbi Osloda ýerleşýän Adam hukuklary topary howpsuzlyk güýçleri tarapyndan azyndan 92 demonstrantyň öldürilendigini habar berýär, beýleki toparlar 160 ýa-da ondanam köp adamyň ölendigini, ýüzlerçe adamyň ýaralanandygyny we müňlerçe adamyň tussag edilendigini öňe sürýär.
