Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2022

Türkiýeden Türkmenistana aşmagyň çykdajylaryny ‘her kim çekip bilmeýär’

0
Türkiýeden Türkmenistana aşmagyň çykdajylaryny ‘her kim çekip bilmeýär’

Türkmenistanyň Türkiýe ugry boýunça dowamly uçar gatnawlaryny ýola goýmagy bilen, iki ýyldan hem aşa wagt bäri ýurduna dolanyp bilmeýän türkmenistanlylar watanyna aşmak mümkinçiligine eýe boldular. Emma golaýda Türkiýeden gelen türkmenistanlylaryň ençemesiniň Azatlyga aýtmagyna görä, munuň bilen bagly çykdajylar köpler üçin güýç ýeterden has ýokary bolmagynda galýar.

“5-nji oktýabrda Türkiýe bilen dowamly uçarlaryň ýola goýulmagy netijesinde, Türkmenbaşynyň aeroporty bu ugur boýunça hepdede dört uçary kabul edip başlady. Ýerli wagt bilen 15:00 töwereginde gonýan Boeing-737 kysymly uçaryň her biri bilen 170-180 türkmen raýaty yzyna gelýär” diýip, anonimlik şertinde gürleşen türkmenistanly çeşmämiz gürrüň berdi.

Ol mundan soň, gelen ýolagçynyň ýanynda manady bolsa, onda 120 manat, bolmasa-da 10 dollar töledip, mejbury covid testinden geçirýändiklerini, netijesi ‘negatiw’ bolsa, onda hiç hili karantinsiz aeroportdan goýberilýändiklerini aýtdy.

“Gonanymyzdan soň, aeroportda 6 sagat töweregi saklap, soňra-da ‘gidip bilersiňiz’ diýip goýberdiler. Emma Türkmenbaşynyň aeroportunda şol wagtyň özünde dürli welaýatlardan gelen raýatlara öz ýaşaýan sebitlerine aşmak üçin bilet tapmak mümkin däldi. Otla hem dessine bilet tapmak başartmaýar. Şol sebäpli, köpler şäherara gatnaýan taksileri hakyna tutup, öz sebilerine aşýarlar” diýip, golaýda Türkiýeden Türkmenbaşynyň aeroportuna gelen, ol ýerden hem Daşoguza aşan söhbetdeşimiz gürrüň berdi.

Ol taksileriň Türkmenbaşydan Daşoguza çenli her adam başyna 50 dollar, Türkmenabada 70 dollar, Mara hem 60 dollar pul soraýandyklaryny aýtdy. Ol taksiçileriň hyzmatlaryny dollarda bahalasalar-da, töleg wagty, ony gara bazaryň kursy boýunça, ýagny 1 dollary 20 manat möçberinde, kabul edýändiklerini belledi.

“Bu çykdajylary köpler çekip bilmeýär. Türkiýede birnäçe ýyllap yzyna dolanyp bilmeýän raýatlaryň maddy ýagdaýy has agyrlaşdy. Muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri raýatlaryna ýeňillik döretmegiň deregine, uçar biletiniň bahasyny 400 dollar töwereginde kesgitlediler. Gelen badyňa hem test diýip, 10 dollar töledýärler. Mundan soň, ýaşaýan sebitiňe aşmak üçin hem taksä esli pul çykarmaly. Garaz, ýoldaky iýmiti hem goşanyňda, Türkiýeden Türkmenistana aşmak üçin 500 dollardan hem aşa pul çykarmaly boldum” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli atlandyrylmasyzlygyny soran söhbetdeşimiz belledi.

Ol şäherara taksileriň köplenç eýýäm gün batandan soňra ýola çykýandyklaryny, munuň hem dürli heläkçiliklere ýol açmagynyň mümkindigini duýdurdy.

“Şäherara ýollaryň ýagdaýy juda ýaramaz, olaryň howply jaýryk ýerleri hem köp. Taksiçiler onda-da has ir aşjak bolup, gijäniň dowamynda ýokary tizlik bilen sürýärler. Ýol heläkçiliginiň howpuna hem garamazdan, olar ýolagçylaryň bu baradaky nägileligine kän gulak hem gabartmaýarlar” diýip, söhbetdeşimiz sözüne goşdy.

Şol bir wagtda, Türkmenistandaky çeşmämiz artdyrylan halkara uçuşlarynyň arasynda indi uçarlary diňe bir Lebabyň ýa Balkanyň aeroportlary däl, eýse Aşgabadyň howa menziliniň hem kabul edip başlandygyny aýtdy.

Türkmenistan halkara uçar gatnawlaryny, koronawirus pandemiýasynyň arasynda, 2020-nji ýylyň martynda togtadyp başlapdy. Türkmenistanyň çäginde covid-yň ýokdugyny öňe sürýän türkmen häkimiýetleriniň bu karary netijesinde, şeýle-de mundan soň raýatlaryny watanyna dolamak ugrunda ýeterlik tagalla etmändigi sebäpli daşary ýurtlarda, hususanda Türkiýede müňlerçe türkmenistanly agyr şertlerde galmaly bolupdy.

Bu ýagdaýlara duçar bolanlaryň Azatlyga gürrüň bermegine görä, türkmen hökümetiniň Türkiýä gurnan sanly çarter uçarlaryna münmek üçin düzülýän sanawlara goşulmak işi aýlara çekip bilýärdi, şeýle-de munuň üçin türkmen emeldarlarynyň para soraýan halatlary hem seýrek däldi.

Türkmenistan şu ýylyň maý aýynyň aýagyndan başlap käbir dowamly halkara uçar gatnawlaryny ýola goýup başlady. Şu günki gün "Türkmenistan" awiakompaniýasy Dubaý, Kazan, Moskwa, Frankfurt, Minsk, galyberse-de Stambul şäherlerine yzygiderli uçar gatnawlary amala aşyrýar.

Türkmen hökümetiniň has köp türkmenistanlynyň toplanandygy aýdylýan Türkiýe ugry boýunça dowamly uçar gatnawlaryny ýola goýmagy, Ankaranyň,Aşgabadyň haýyşy esasynda, türkmenistanlylar üçin ozaldan bar bolan 30 günlük wizasyz syýahat düzgünini ýatyryp, täze wiza talaplaryny ornaşdyrmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Ýöne synçylar we aktiwistler Türkmenistanyň bu ädimini öz raýatlarynyň halkara hereketini mundan-da beýläk çäklendirmek synanyşygy bilen baglanyşdyrýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Стефанос Циципас

Греческий теннисист Стефанос Циципас поблагодарил мать за советское воспитание






Россиян 10 и 11 мая ждут сильнейшие магнитные бури

Лукашенко на параде одел ветерана в привезенную Мирзиеевым куртку

В Москве прошел праздничный салют в честь 79-й годовщины Победы в ВОВ

Лукашенко рассмотрит заявление об убежище от польского суди Шмидта