Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2022

Maryda dükanlardan azyk ogurlaýan çagalar 'köpelýär'

0
Maryda dükanlardan azyk ogurlaýan çagalar 'köpelýär'

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizisiň täsirleri ilat arasynda günsaýyn köp duýulýar. Munuň bilen bagly, Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde dilegçileriň sany göz-görtele artýan mahaly, çagalaryň arasynda ogurlyk hadysalary hem köpelýär. Bu ýagdaýlar barada polisiýa işgärleriniň, telekeçileriň we ýaşaýjylaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, çagalaryň arasynda ogurlyk hadysalaryna esasan şäheriň hususy dükanlarynda we bazarlarynda duş gelse bolýar. Ol çagalaryň köplenç azyk önümlerini ogurlaýandygyny aýdyp, ýakynda bolan bir waka barada maglumat berdi.

"Agşam dükan ýapylmanka, üst-başy könelişen bir oglan dükana girip, gapynyň golaýyndaky tekjeden ýarym kg köke ogurlady. Men oglanjygyň yzyndan yglap tutdum we dessine dükanyma getirdim. Men ondan 'sen açmy, jigim? Näme üçin ogurlyk edýäň?' diýip soradym. Oglanjyk jogap bermänkä, goňşy dükançym gelip, 'ogurlyk eden bolsa, polisiýa çagyraly. Bu gün senden ogurlan bolsa, ertir bizden ogurlar' diýdi. Men oňa 'dur, kökäniň bahasy 7 manat. bu çaga açlygy sebäpli ogurlandyr, hiç kimi çagyrma' diýdim. Ol oglanjyk 7-nji klasda okaýandygyny, özüniň we öýdäki iki jigisiniň açdygyny, özüniň we jigileriniň garnyny doýurmak üçin kökäni alandygyny gürrüň berdi" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran baýramalyly telekeçi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, çaga kakasynyň daşary ýurda işlemäge gidendigini, ilki başlarda ujypsyz bolsa-da pul iberendigini, ýöne soňra habar-hatyryň kesilendigini, onuň birden ýitirim bolandygyny we özlerini ejesiniň ekleýändigini gürrüň berdi.

"Çaga ejesiniň agşam işe diýip çykyp gidýändigini we öýe irden gelýändigini aýtdy. Şeýle-de, ol ejesiniň köplenç pulsuz gelýändigi sebäpli, öýde iýmäne zat bolmaýandygyny hem gürrüň berdi. Biz çaganyň halyna gynanyp, onuň eline nar çaýyny we keks açyp berdik. Soňra-da, goňşy dükançym bilen bilelikde, plastik paketlere azyk we arassaçylyk harytlaryndan ybarat önümleri salyp, dükanymyzyň işgärine bu harytlary we oglanjygy öýüne ýetişdirmegi tabşyrdyk" diýip, telekeçi aýtdy.

Telekeçileriň we ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi soňky hepdelerde şeýle ogurlyk hadysalaryna we şuňa meňzeş şertlerde ýaşaýan hojalyklara köp duş gelýändiklerini aýdýar. Olar ogurlyk hadysalarynyň köpelmegine soňky aýlarda polisiýa işgärleriniň dilegçilere garşy göreşi güýçlendirmeginiň belli-bir derejede sebäp bolandygyny hem belleýärler.

"Polisiýa işgärleri köçelerde dilegçilik edýän çagalary we ýaşuly daýzalary kowýarlar. Polisiýa garşylyk görkezýän dilegçiler polisiýa merkezine alnyp gidilýär we birnäçe gün saklanandan soňra öýlerine goýberilýär. Olara döwlet tarapyndan hiç hili maddy goldaw berilmeýär. Işsiz adamlara işsizlik kömek puly berilmeýär. Işsizleriň iş tapmagyna goldaw berilmeýär. Netijede, dilegçilik etmekden hem mahrum edilýän adamlar, şol sanda çagalar aç galmazlyk üçin ogurlyk etmäge mejbur bolýarlar" diýip, ýerli polisiýa işgäri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Baýramalynyň polisiýasyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, işsizligiň, azyk ýeter-ýetmezçiliginiň we gymmatçylygynyň arasynda, ýurtda dilegçilik edýän we zir-zibilleri dörýän adamlar köpeldi. Soňky aýlarda, polisiýa bu adamlaryň dilegçilik etmeginiň we zir-zibilleri dörmeginiň öňüni almak boýunça alyp barýan işlerini batlandyrdy. Häkimiýetleriň bu çäresi ýaňy-ýakynda bellenen Garaşsyzlyk güni ýaly uly baýramçylyklaryň öňüsyrasynda has-da güýçlenýär.

Türkmen hökümeti ykdysady kynçylyklary we onuň ilata ýetirýän täsirlerini aç-açan boýun almaýar hem-de ýurtdaky işsizleriň sany, kömege mätäç maşgalalar barada hiç hili maglumat bermeýär. Şol bir wagtda, häkimiýetler ýurtda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigini tekrarlap, daşary döwletlere ynsanperwer kömegini ugradýar. Türkmenistan beýleki harytlar bilen bir hatarda, azyk önümlerini öz içine alýan şeýle kömekleriň soňkusyny geçen aýyň başynda Pakistana gowşurdy.

Bu aralykda, telekeçiler häkimiýetleriň adamlaryň mätäç maşgalalara kömek etmegine-de rugsat bermeýändigini aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri ýetimler öýlerine köpräk we yzygiderli sadaka berýän adamlary yzarlap başlaýarlar.

"Bu adamlaryň gazanjy derňelýär. Şeýle-de, MHM olaryň pulunyň bardygyny bilip, olardan para almak üçin dürli bahanalary oýlap tapýar. Şol sebäpli köp adam sadaka bermäge-de gorkýar" diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Анастасия Потапова вышла во второй круг турнира WTA-1000 в Риме






Государственный Кремлёвский оркестр наградили Орденом «Святых Равноапостольных Кирилла и Мефодия»

Белый дом запретил импорт российского урана

Новым главным раввином Москвы стал Йосеф Каменецкий

Москва в День Победы