Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2022

Türkmenbaşyda onlarça ýaşaýjynyň öýüne üçeklerden ýagyn suwlary geçýär

0
Türkmenbaşyda onlarça ýaşaýjynyň öýüne üçeklerden ýagyn suwlary geçýär

Türkmenistanda güýz pasly dowam edýärkä, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň köp gatly jaýlarynyň ýaşaýjylary ýagyn suwlaryny öýlere geçirýän üçekleriň bejerilmezliginden kösenýär. Ýaşaýjylar munuň sebäplerini jaýlaryň üçekleriniň könelişip hatardan çykmagy we ýerli häkimiýetler tarapyndan abatlaýyş işleriniň geçirilmezligi bilen düşündirýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurduň günbatar welaýatyndan maglumat berdi.

Onuň sözlerine görä, şeýle kösençlikler bilen şäheriň Azady we Gurbannazar Ezizow köçeleriniň ugrunda ýerleşýän köp gatly jaýlaryň onlarça ýaşaýjysy ýüzbe-ýüz bolýar.

"Her ýylyň güýz, gyş we bahar aýlarynda şu ýagdaý gaýtalanýar. Ýagyn suwlary köp gatly jaýlaryň ýokary gatynda ýerleşýän öýleriň içine geçýär. Ýagyn suwlary ilatyň pul sarp edip remont eden öýüni, şol sanda üçegini, diwarlaryny zaýalaýar. Hatda haly düşeklere-de suw geçip, ençeme maddy zyýan ýetirýär" diýip, Gurbannazar Ezizow köçesiniň bir ýaşaýjysy anonimlik şertinde aýtdy.

Ýaşaýjylaryň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, gürrüňi edilýän sebitdäki jaýlaryň üçeklerinde düýpli abatlaýyş işleri soňky gezek 1980-nji ýyllarda geçirilipdir. Şondan bäri abatlaýyş işleriniň geçirilmezligi jaýlaryň üçekleriniň ýiti hatardan çykmagyna, poslamagyna we döwülmegine, netijede uly oýuklaryň we deşikleriň emele gelmegine sebäp bolupdyr.

"Bu deşiklerden ýagyş beýle-de dursun, pişikler we guşlar hem säginmän girip bilýärler" diýip, ýaşaýjy belledi.

Onuň sözlerine görä, onlarça ýaşaýjy üçekleriň bejerilmegini haýyş edip, şäher häkimligine we Öý dolandyryş müdirligine ýylyň dowamynda ençeme gezek ýüz tutýarlar. Ýöne ýaşaýjylardan pul ýygnap, üçekleri bejermegi wada berýän resmiler ne wadalarynda tapylýarlar, ne-de alan pullaryny yzyna berýärler.

"Öý dolandyryş edarasynyň işgärleri üçeklere izolýasiýa we sement garyndyly örtük suwagyny geçmek üçin her hojalykdan ilki 435 manat ýygnadylar. Soňra-da olar gurluşyk materiallary we ussalaryň tölegi üçin diýip, 1570 manat ýygnadylar. Ýöne üçekleri bejermediler. Ýaşaýjylar pullaryny yzyna berilmegini sorap, Öý dolandyryş edarasyna bardylar. Işgärler ýaşaýjylara 'kapital remont üçin döwlet tarapynda pul geçmese, siziň beren puluňyza 10 gap sement hem düşmeýär. Izoganyň 10 metrlik bir rulony 800 manat' diýip, olary öýlerine iberdiler" diýip, başga bir ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, ýerli resmiler ýaşaýjylaryň özleriniň üçeklere çykyp, abatlaýyş işlerini geçirmegine hem rugsat bermeýärler. Şeýle-de, resmiler olaryň ýagyn suwlary sebäpli çeken maddy zyýanlarynyň öwezini hem dolmaýarlar.

"Biz ähli komunal we beýleki öý töleglerimizi öz wagtynda töleýändigimize garamazdan, biziň arzymyz hiç hili diňlenmeýär. Merkezi köçeleriň ugrundaky we ýakynlaryndaky jaýlaryň üçekleri metal örtükler bilen birnäçe ýyl öň örtüldi. Çetki köçelere üns berýände ýok, gelýände ýok" diýip, ýaşaýjy belledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada şäher häkimliginiň işgärlerinden resmi kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanda gymmatbaha gurluşyklara millionlarça amerikan dollary möçberinde serişde harçlanýan mahaly, ýurtda sowet döwründen bäri düýpli abatlaýyş işleri geçirilmedik ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglyk öýleriniň onlarçasy bar. Bu barada maglumat berýän habarçylarymyz olaryň käbirinden peýdalanmagyň eýýäm howpludygyny belläp, adam saglygyna wehim salýandygyny aýdýarlar.

"Ýurtda merkezi şäherler we etrapçalar üns merkezinde bolsa-da, çetki etrapçalar, etraplar we obalar hemişe ünsden düşürilýär. Oba ýerlerindäki durmuş maksatly desgalaryň köpüsinde infrastrukturanyň aşa könelişendigi sebäpli, käbir mugallymlar mekdeplerde sapak geçmäge gorkýarlar" diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.

Galyberse-de, häkimiýetler soňky ýyllarda ýurduň dürli sebitlerine gelen harasatdan we sil suwlaryndan ejir çeken ilata hem kömek etmezlikde tankyt edildi. Munuň bilen bagly, ýurduň käbir sebitleriniň ýaşaýjylary we daşary döwletlerdäki türkmenistanlylar protest çärelerini hem geçirdiler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we media serişdeleri ilatyň "bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny" öňe sürüp, bu ýagdaýlar barada hiç hili maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Уимблдон

Финалистка юниорского Уимблдона-2023 получила временное отстранение за допинг






Потомственный ученый, соратник Грефа, ценитель живописи: кто такой Андрей Белоусов, новый министр обороны РФ

Пары из Подмосковья поженились на всероссийском фестивале свадеб

В Москве лифт оторвал 10-летней девочке средний палец

15-летняя москвичка разбилась при падении с высоты 11 этажа во время фотосессии