Eýranyň “Ewin” türmesinde gozgalaň turdy, resmiler düzgün-tertibiň dikeldilendigini aýdýar
“Farda” radiosynyň bir habarçysyna aýdylmagyna görä, türmedäki pitne 15-nji oktýabrda, syýasy tussaglaryň saklanylýan bölüminde döredi.
Bu bölüm, "düýpli hukuk bozulmalary" sebäpli, 2018-nji ýylda ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan gara sanawa girizildi.
Türmäniň gozgalaň turan bölümi Mahsa Amininiň ölümi bilen baglanyşykly tolgunyşyklar wagtynda tussag edilenleriň saklanylýan ýeriniň gapdalynda ýerleşýär. Sosial ulgamlarda paýlaşylan wideo we suratlar türmäniň ýokarsyna çykýan tüssäni görkezýär.
Döwlet eýeçiligindäki metbugaty bir howpsuzlyk resmisine salgylanyp, bidüzgünçilige "jenaýatçy elementleriň” sebäp bolandygyny, sosial media habarlarynda şindi hem tüpeň sesleriniň eşidilýändiginiň aýdylmagyna garamazdan, ýagdaýyň gözegçilik astyna alnandygyny aýtdy.
Tähran resmileri bu ýagdaý barada entek düşündiriş bermediler. Eýran, 1979-njy ýylda bolan rewolýusiýadan bäri, 16-njy sentýabrda aradan çykan Amininiň ölümi bilen baglanyşykly tutuş ýurdy sarsdyran halk protestleri netijesinde, Yslam hökümetiniň öňünde keseren iň çynlakaý synag bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
