Eýran türmesinde ölenleriň sany sekiz adama ýetdi, režime garşy protestler dowam edýär
Syýasy tussaglaryň we hökümete garşy demonstrantlaryň ýanaşyk saklanylýan ýeri bolan “Ewin” türmesinde dörän ýangynyň ähli jikme-jikligi heniz belli däl.
Kazyýetiň “Mizan” habar gullugy tussaglaryň 16-njy oktýabrda, öz alan ýaralaryndan ýogalandyklaryny aýdyp, wepat bolanlaryň täze sanyny yglan etdi.
Habarda ölenleriň hemmesiniň ogurlykda aýyplanandygy aýdylýar. “Mizan” bu wakany "tussaglar bilen ýangynyň arasyndaky söweş" diýip häsiýetlendirdi, ýöne bu aýdanlaryny tassyklaýan hiç hili subutnama bermedi.
Eýranyň daşyndaky aktiwistler eýran hökümetiniň aýdanlaryna şübheli garaýandyklaryny aýdýarlar.
Prezident Jo Baýdeniň polisiýa gözegçiliginde ýogalan 22 ýaşly Mahsa Aminiň ölümi sebäpli guralan demonstrasiýalary goldaýandygyny aýdanyndan soň, Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisi Waşingtony bulam-bujarlyga meçew bermekde aýyplady. Döwlet habar beriş serişdeleri ilkibaşda dokuz adamyň ýaralanandygyny habar berdiler, ýöne Kazyýet web sahypasy Mizan.news 16-njy oktýabrda dört tussagyň tüsse ýuwutmakdan ölendigini, 61 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.
Habarda ölen dört adamyň ählisiniň talaňçylyk sebäpli türmä basylandygy aýdylýar.
