Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2022

Türkmenistanyň bilim ministrine berk käýinç berildi

0

Prezident Serdar Berdimuhamedow 16-njy oktýabrda, “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” diýip, Türkmenistanyň bilim ministri Gurbangül Ataýewa berk käýinç yglan etdi.

Adatça bolşy ýaly, döwlet emeldaryna berlen berk käýinjiň anyk sebäpleri aýdylmaýar.

Gurbangül Ataýewa bilim ministri wezipesine geçen ýylyň awgustynda bellendi.

Asyl hünäri boýunça iňlis dili mugallymy bolan Ataýewa bu wezipä bellenmezinden öň dürli ýyllarda iňlis dili mugallymy, MHM-niň kiçi operatiw işgäri, Daşoguz welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglyk we sport boýunça orunbasary, Aýallar birleşiginiň merkezi geňeşiniň başlygy ýaly wezipelerde işledi.

Türkmenistanyň bilim pudagy soňky onýyllyklarda dürli özgerişlikleri başdan geçirdi, emma synçylar we Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşýän mugallymlar, ene-atalar ýurduň mekdeplerinde, çagalar baglarynda çuň ornaşan korrupsiýa bilen baglylykda, çagalara berilýän bilimiň derejesiniň görülmedik derejelerde aşak gaçandygyny, mekdebi tamamlanda okap, ýazyp bilmeýän uçurymlaryň hem az däldigini aýdýarlar.

Türkmenistandaky bilimiň ýene bir bökdençligi bolsa, maşgalalaryň ykdysady ýagdaýynyň peselmegi, okuw sagatlarynda şahsyýet kulty, döwlet ideologiýasy bilen bagly çärelere barha köp orun berilmegi bilen bagly diýip, synçylar aýdýar.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Новак Джокович

Теннисист Джокович раздавал автографы в шлеме после попадания бутылкой в голову






Сдал подельников - и вдруг умер: Странная смерть банкира, давшего показания на "полковника-миллиардера" Захарченко

Стало известно, сколько готовы потратить россияне на косметический ремонт

Работодатели назвали лучшее время для поиска сотрудников

Пермские экологи сообщили о массовой гибели редких жаб под колесами автомобилей