Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2022

Gazagystan türkmen tebigy gazyny import eder

0
Gazagystan türkmen tebigy gazyny import eder

Gazagystanyň milli gaz kompaniýasy “QazaqGaz” we Türkmenistanyň tebigy gaz öndürijisi “Türkmengaz” Gazagystana türkmen tebigy gazyny import etmek barada şertnama baglaşdy diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri gazak prezidentiniň metbugat gullugynyň maglumatyna salgylanyp habar berýär.

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň altynjy gün Astanada, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen gepleşiklerden soň geçirilen metbugat ýygnagynda aýtmagyna görä, iki goňşy ýurduň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň geljegi barada jikme-jik maslahat edildi.

Gazak lideri iki ýurdyň gaz kompaniýalarynyň arasynda baglaşylan şertnamadan söz açyp, bu taslamany durmuşa geçirmekde beren şahsy goldawy üçin türkmen kärdeşine minnetdarlyk bildirdi.

"Biz uzak möhletleýin şertnama baglaşmak isleýäris we gaz importynyň mukdaryny ýylda bir ýarym milliard kub metre çenli artdyrmaga taýýar" diýip, Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy.

Prezident Tokaýew Gazagystanyň Türkmenistanyň iri energiýa başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge, şeýle-de gaýtadan işlemek we gaz himiýasy pudagynda tejribe alyşmak, özara peýdaly taslamalary işläp düzmek isleýändigini aýtdy.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Новак Джокович

Первая ракета мира Джокович получил бутылкой по голове после матча в Риме






В Москве спасатели вытащили из ливневой канализации семерых утят

Установки «Ярс» вернулись на место постоянной дислокации после парада Победы

Тулячка представит свой детский книжный клуб на международном конкурсе в Москве

Синоптики спрогнозировали до +9 и облачность в Московском регионе 11 мая