Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2022

Türkmenistana dolanan raýatlar kadaly iş tapyp bilmeýärler

0
Türkmenistana dolanan raýatlar kadaly iş tapyp bilmeýärler

Türkmenistanyň halkara uçar gatnawlaryny artdyrmagy bilen golaýda ýurda dolanan, şol sanda daşary ýurtlarda zähmet migrantlary bolan türkmenistanlylar kadaly iş tapyp bilmän kösenýärler. Türkmenistanda giň ýaýrandygy bellenilýän işsizligiň arasynda, ýakynda watanyna dolanan raýatlaryň köpüsiniň, iş we has gowy ýaşaýyş şertleri ugrunda, ýene-de ýurdy terk etmek üçin tagalla edýändigi bellenilýär.

“Häzir [Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi] Türkmenabadyň zähmet biržasynyň öňünde her gün iş gözleýänleriň sanawyna durmak üçin, ýakynda daşary ýurtlardan, esasan hem Türkiýeden gelen onlarça raýaty synlasa bolýar. Olar ‘Bizi nähili hem bolsa bir iş bilen üpjün ediň. Bolmasa, gündelik çöregimiziň puluny tapmak alada” diýip biržanyň resmilerine ýüzlenýärler” diýip, bu ýagdaýlary özüniň hem başdan geçirendigini aýdýan, mundan üç hepde ozal Türkiýeden dolanan ozalky zähmet migranty gürrüň berdi.

Ol Zähmet biržasynyň işgärleriniň ýüz tutýanlara hasaba alnandygy barada dokumenti berip, ‘iş orny boşasa, özümiz habar bereris” diýip yzlaryna ýollaýandyklaryny hem belledi. Howpsuzlyk aladalary sebäpli şahsyýetini aýan edip biljek maglumatlary äşgär etmezligi soran söhbetdeşimiz Zähmet biržasynyň häzire çenli ne özünden, ne-de başga ýüz tutan onlarça tanyşlaryndan habar tutandygyny nygtady.

Ýakynda Türkiýeden dolanan ýene bir raýatyň Azatlyga aýtmagyna görä, häzir ozalky zähmet migrantlary günlükçi hökmünde işläp, gün-güzeran aýlamaga synanyşýarlar.

“Aýal-gyzlar esasan garbanyşhanalarda, naharhanalarda aşpez, tämizleýji bolup zähmet çekýärler. Olar resmi taýdan işe alynmaýar, olara diňe gündelik, edýän işine görä, 60-70 manat aralygynda pul tölenýär. Erkek kişileriň arasyndan ulag almaga mümkinçiligi bolanlar taksiçilik bilen meşgullanýar. Ýene birleri bazarlarda hammalçylyk, mebel ussahanalarynda ussaçylyk edýärler. Garaz, soňky aýlarda Türkmenistana dolanan müňlerçe raýat, çörek puly üçin, islendik işe razy. Bu güne düşen meniň başga-da onlarça tanyşymyň hiç biri, şol sanda ýokary bilimliler, býujet işine ýerleşip bilmediler” diýip, söhbetdeşimiz gürrüň berdi, şeýle-de häkimiýetleriň Zähmet biržasynda hasaba almakdan başga, özleri babatynda hiç hili hemaýat bermeýändiklerini sözüne goşdy.

Türkmenistan ýurtda dowam edýän ykdysady çökgünligi we azyk gytçylygyny boýun almaýar, işsizleriň sanyny aýtmaýar we türkmenistanlylaryň döredijilikli zähmet çekmegi, önüm öndürmegi we öz durmuşyny gowulandyrmagy üçin ähli mümkinçiligiň döredilendigini öňe sürýär.

Azatlyk golaýda watanyna dolanan müňlerçe türkmenistanlylaryň iş üpjünçilik meselesi babatynda Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginden, şeýle-de degişli sebitleriň Zähmet biržalaryndan maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Bu aralykda, Azatlygyň söhbetdeşleri ýurtda gün-güzeran aýlamagyň günsaýyn hasam agyrlaşýandygyny belläp, gaýtadan daşary ýurtlara çykmak ugrunda tagalla edýändiklerini aýdýarlar.

“Bir aý çemesi bäri kadaly iş tapman kösenýän raýatlaryň uly bölegi, ýyl çalyşandan soň, gaýtadan daşary ýurtlara çykmakçy bolýarlar. Olar ýat ýurtlarda mysapyrlygyň agyrdygyny, emma öz watanlarynda gündelik çöregiň alada bolup duran mahaly, başga çykalgalarynyň ýokdugyny aýdýarlar” diýip, söhbetdeşimiz belledi.

Soňky ýyllarda Türkmenistandan daşary ýurtlara, şol sanda Türkiýä we Russiýa gidýänleriň we gitmek isleýänleriň sanynyň artýandygy barada Azatlygyň habarçylary yzygiderli maglumat berýärler.

Olar munuň esasy sebäplerini ýurtda dowam edýän agyr ykdysady kynçylyklar, işsizlik, azyk ýeter ýetmezçiligi we gymmatçylygy bilen düşündirýärler. Türkmen häkimiýetleri bu problemalary ykrar etmeýärler. Ýöne ýurtdan syzyp çykan ygtybarly maglumatlar soňky on ýylda iki milliona golaý türkmenistanlynyň daşary ýurtlara gidendigini görkezýär.

Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleri ozal wizasyz syýahat düzgüni bolan Türkiýeden öz raýatlary üçin täze giriş talaplarynyň girizilmegini soramak, ýolagçylary düşündiriş berilmeden uçarlara goýbermezlik ýaly çäreleri bilen daşary ýurda gitmek isleýän raýatlaryň öňüne böwet bolýarlar.

Türkmenistan halkara uçar gatnawlaryny, koronawirus pandemiýasynyň arasynda, 2020-nji ýylyň martynda togtadyp, olary iki ýyldan soň, ýagny şu ýylyň maýyndan bäri bölekleýin dikeldip başlady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Даниил Медведев

Медведев вышел в четвертый круг "Мастерса" в Риме






Психиатр Кирилл Жандаров поработает с Ильей Любимовым во втором сезоне остросюжетной драмы «Загляни ему в голову»

Программа наставничества для бизнеса начнется в Подмосковье 21 мая

Лавров: предстоящий визит Путина укрепит совместную работу России и Китая

Госдума утвердила С. Цивилева на должность министра энергетики России