Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2022

Okyjynyň haty: Türkmenistanda milli azlyklara 'üns berilmeýär'

0
Okyjynyň haty: Türkmenistanda milli azlyklara 'üns berilmeýär'

Özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň 20-21-nji oktýabr aralygynda Türkmenistana amal edýän döwlet saparynyň öňýany, okyjylarymyzyň biri Türkmenistandaky milli azlyklaryň, hususanda, etniki özbekleriň ýagdaýyna ünsi çekdi.

Bellemeli ýeri, okyjylaryň hatlary, şol sanda orfograýiýasy bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 20-21-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana iş sapary bilen geler. Şu habaryň fonunda Türkmenistanyň Lebap we Daşoguz welaýatlarynda kowçum bolup ýaşaýan etniki özbekleriň wekilleri özleriniň Türkmenistandaky hukuk kemsitmelerinden halys ýadandyklary hakynda habar berdiler.

Hususan-da, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Magdanly şäherinde taryh we jemgyýeti öwreniş derslerinden mugallym bolup işleýän etniki özbek aýalyň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda Türkmenistanyň bilim pudagynda döwlet tarapyndan öňe sürülýän aşa türkmenleşdirme we ýurtda ýaşaýan beýleki milletleri umuman äsgermezlik we ýok hasabynda görmek syýasatynyň netijesinde ýerli özbek ýaşlaryň göze ilip başlan nägilelikleri we sorag bermeleri döretdi.

Onuň sözlerine görä, soňky ýyllarda Özbegistanyň telewideniýesinden Özbegistanda ýaşaýan we öz ene dili bolan türkmen dilinde bilim alyp bilýän etniki türkmenleri görüp, magdanlyly etniki özbek okuwçylarda mugallymlara sorag bermeler köpelip başlapdyr.

Ýagny, okuwçylar "ýoldaş mugallym, näme üçin Özbegistanda ýaşaýan türkmenler öz milli geýimini ýa-da islendik häzirki zaman eşigini geýip bilýärler, türkmen dilinde okap bilýärler welin, emma bizde [Türkmenistanda] hat-da özbek dili we edebiýaty dersi hem ýok 11-12 ýyllyk mekdep okuwynda. Näme üçin beýle biziň ýurdumyzda şu ýurtda doglup, önüp-ösen milleti türkmen bolmadyk ýaşlaryň milli, syýasy we medeni hukuklary kemsidilýär?" ýaly äheňde soraglar berýärler.

Şeýle soraglaryň indi ýokary synp okuwçylary tarapyndan sapaklarda aç-açan berlip başlanmagyna mugallyma aýalyň ýüreginde begenme döredendigini aýtdy, emma çagalaryň soraglaryna onda hiç hili anyk jogabyň ýokdugyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Magdanlyly mugallymanyň sözlerinden çen tutulsa, häzirki wagtda Türkmenistanyň etniki özbekleriniň köplük bolup ýaşaýan ýerlerinde üç onýyllyga çeken türkmenleşdirme we diskriminasiýa syýasatyna hut ýaşlaryň arasynda nägilelik döräne meňzeýär.

Magdanlyly mugallymanyň sözlerini gytaklaýyn Kerkili we Türkmenabatly ýaşaýjylar hem ikiçäk söhbetdeşlikde tassykladylar. Kerkili medeniýet işgäri we toýlarda tamada hem guramaçy bolup işleýän 50 ýaşlaryndaky ýaşaýjynyň aýtmagyna görä, hut soñky pandemiýa ýyllaryndan (2020-nji ýyldan) başlap, şäherde toý tutýan etniki özbeklerden bolan ýaş çatynjalar, öňki ýyllardan tapawutlylykda, toýlarda özbek milli bezegleri, özbek aýdym-sazlaryny, toý däplerini köpräk görkezmekligi we guramagy soraýarlar. RÝNÝ (ZAGS) bölümine we baky oda tagzyma aýlanmaga gidende-de ýaşlaryň arasynda gelinleriň özbek atlaslaryny geýýänleriň sany köpelipdir.

Medeniýet işgäriniň pikiriçe, "Onýyllyklaryň dowamynda etniki özbekler köp halatlarda ýurtda taryplanyp gelen türkmenleşdirmä eýerip, toýlarynda-da ep-esli däbini türkmen milli egin-eşiklerinde hem toý bezeglerini-de türkmen milli nyşanlarynda bezeýärdiler. Olarda birneme öz türkmen däldiginden kemsinme we öz milliliginden el çekmek meýilleri görünýärdi.

Emma soñky ýyllarda öň görülmedik täsin bir özgerişlikler başlady. Ýagny, hut mekdepde 11 ýyllap özbek dilini öwrenmedik we ýekeje-de gün mekdepde öz milli egin-eşigini geýmekden mahrum edilen ýaşlar bu gün özbek toý däplerine uly gyzyklanma bildirýärler. Iň gyzykly ýeri - ol ýaşlar öz sözlerinde millilik hökmünde diňe syýasy taýdan aýdyp gelinýän türkmenleşdirmäni däl, eýsem öz milli özbek däp-dessurlaryny göz öňünde tutýarlar. Bu geň ýagdaý"

Öz gezeginde welaýat merkezi Türkmenabatdan bolan bir ýerli söwdagär daýzanyň ikiçäk gürrüňdeşlikde aýdyşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistandaky ykdysady krisiziň, uzaga çeken syýasy durgunlygyň we hökümediň ýurtda hiç hili reformalary, üýtgeşiklikleri we sähelçe-de bolsa açyklygy geçirmegi umuman niýet edinmeýändikleri regionyň ilatynyň arasynda tas gizlenmeýän nägilelige getirdi.

Emma bu ýagdaý ýerli etniki özbeklerde öň garaşylmadyk täsin reaksiýany döretdi. Ýagny, ençeme ýyllap "okuw üçin, iş üçin, gelejek üçin" diýip, käte mejbury, käte meýletin dokumentlerde atlary, familiýasy we milleti türkmenleşdirilen özbekleriň ýaşlary indi bu günki günde özbek telewideniýesine, özbek reallygyna we umuman Özbegistanyň maglumat we syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna ýykgyn edýärler.

Özbegistanly çinownikler, sportsmenler we artistler, bloglerler, olar hakyndaky habarlardan türkmenabatly ýaşlar indi öz ýerli çinownikdir jemgyýetçilik durmuşynyň habarlaryndan has köp maglumat bilýärler. Ýerli ýaşaýjylarda özbek milli egin-eşiklerine, däp-dessurlaryna, Özbegistanda galan garyndaşlarynyň durmuşy bilen has içgin tanyşmaga bolan gyzyklanmalar artyp başlapdyr.

Türkmenabatly özbek gyz-gelinler häkimiýetleriň talabyna we dilden buýrugyna garamazdan, adaty durmuşynda, köçede, toý-märekelerde ýene-de öz milli atlaslaryna, şaýy köýneklerine "dolanyp başlady" diýip, ýerli söwdagär daýza sözüni jemledi.

Bu ýagdaýlar nämäniň yşaratydygyny bilmek üçin, türkmenabatly pensioner žurnalist bilen söhbetdeş boldum. Onuň pikiriçe, häzirki Daşkendiň otnositel bolsa-da açyklyk syýasatyny geçirmegi, durmuşy we sosial-ykdysady temalarda köpçülikleýin habar beriş serişdelerine belli bir derejede söz erkinliginiň berilmegi, umuman, resmi Daşkendiň jemgyýetiň meseleleri we problemalary hakynda açyk aýdyp başlamagy we çözgütleri gözlemäge taýýarlygy, goňşy ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary we dünýä bilen açyklyga taýýardygyny resmi yglan etmegi türkmenistanly etniki özbekler üçin uly bir ruhy goldaw boldy.

Sebäbi olar häzirki Daşkent bilen 30 ýyllap üzňelikden we totalitarlykdan el çekmeýän Aşgabadyň arasynda görnetin ara-tapawudyň bardygyny her gün öz durmuşynda görýärler. Eger-de, Özbegistanda, aýdaly, bir obada ýa şäherde gaz, tok ýa suw bolmasa, bu hakynda ýerli žurnalist we blogerlerden başlap, döwlet telewideniýesine çenli açyk aýdyp bilýärler.

Emma Türkmenistanda gazyň ýa suwuň ýoklugyny boýun almak aňyrda dursun, hat-da güýçli bolup geçen tebigy betbagtçylyklar hakynda-da ne duýduryş berildi, ne-de kömek edilip, gynanç bildirildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň etniki özbekleri milli kemsitmelere döwlet syýasaty we emeldarlary tarapyndan yzygiderli sezewar bolýarlar.

Olara milli geýim geýmeklik, ene dilinde bilim akmaklyk, öz dilinde neşirleri çap etmeklik we okamaklyk, umuman, milli azlyk ýa millet hökmünde saklanyp galmaklyga hiç hili mümkinçilik galmady diýse-de bolar.

Şu jähtden, soňky ýyllardaky etniki özbekleriň milli galkynyşy özboluşly bir täsin ýagdaý. Munuň arkasynda, sözsüz, 30 ýyllyk diskriminasiýadan ýadawlyk we öz hak-hukuklaryny goramaklygyň gerekligi hakyndaky pikirleriň hasyl ilerlemegi ýatyr.

Ikinji bir tarapdan, olarda belli bir derejede Özbegistana bolan ynam gaýtadan döredi we ondan haraý gözlemek umydy kem-kemden aýdyňlaşyp başlady.

Üçünji bir sebäp hökmünde pensioner žurnalist bu ýagdaýy Türkiýe we daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistleriniň has ýygjamlaşan hereketleri bilen düşündirdi.

Ol sözüniň jeminde, Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krisiziň ir-u giç syýasy çökgünlige we durnuksyzlyga getirjegini aýtdy. Muny hat-da soñky wagtda gytaklaýyn bolsa-da, prezident Serdar Berdimuhamedow her sammitlerde agza alyp başlady.

Diýmek, gelejek ýyllarda Türkmenistanyň ýapyklyk, diýdimzor we türkmenleşdirme syýasatyny uly ýiti öwrümler garaşýar we olarda hut Türkmenistanyň iň uly milli azlygy bolan - etniki özbekleriň hem agramly rolunyň boljakdygy hem şübhesizdir diýip, türkmenabatly pensioner žurnalist sözüni jemledi.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Уимблдон

Медведев рассказал, как ударился головой перед матчем с Уиллисом на Уимблдоне в 2016 году






Дюмин станет помощником Владимира Путина

Преподаватели Раменского колледжа приняли участие в голосовании «Итоги 2023»

Паркинг на 1700 мест для аэропорта «Внуково»

В подмосковном ЖК «Можайский» завершается выдача ключей дольщикам