Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2022

Britan premýeri Liz Tras işinden çekildi

0
Britan premýer-ministri Liz Tras öz partiýasynyň içinde dörän açyk gozgalaň bilen baglylykda işinden çekildi.


6-njy sentýabrda Boris Jonsonyň wezipesini öz üstüne alan Tras 20-nji oktýabrda telewideniýede göni ýaýlymda berlen beýanatynda wezipesinden çekiljekdigini, ýöne täze lider saýlanýança ornunda galyp, wezipe borçlaryny ýerine ýetirjekdigini aýtdy.


Şeýle-de Tras liderlik saýlawlarynyň indiki hepdäniň içinde tamamlanjakdygyny aýtdy. Angliýada 2024-nji ýyla çenli milli saýlaw geçirilmeli däl.


Ykdysady meýilnamasy sebäpli dörän we birnäçe hepde dowam eden başagaýlykdan soň, kanun çykaryjylaryň arasynda Trasy işinden çekilmäge çagyrýanlaryň sany köpeldi.


Geçen aý hökümet tarapyndan yglan edilen meýilnama maliýe çökgünligine we Trassyň gazna müdiriniň çalşylmagyna, köp syýasatyň üýtgemegine we dolandyryjy Konserwatiw partiýanyň düzgün-nyzamynyň bozulmagyna sebäp bolan syýasy krizise alyp geldi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса