Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2022

Türkmen DIM-niň ýanynda 'Press pool' döretmek teklip edilýär

0
Türkmen DIM-niň ýanynda 'Press pool' döretmek teklip edilýär

Türkmenistanda metbugat we söz azatlygyny berk çäklendirmekde tankyt edilýän türkmen häkimiýetleri ýurduň Daşary işler ministrliginiň ýanynda milli habar beriş serişdelerinden düzülen metbugat toparyny (Press pool) döretmegi teklip etdiler.

Bu barada, daşary işler ministri Raşit Meredow 20-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde çykyş etdi.

Mejlisiň dowamynda mundan başga-da, Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň media ulgamyna jogapkär hünärmenleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, öňdebaryjy sebit we halkara teleýaýlymlar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak teklip edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow munuň bilen baglylykda, ýurduň halkara habarlar giňişligine goşulyşmagynyň, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny belledi.

Emma teklipleriň durmuşa geçirilip-geçirilmejekdigi barada hiç zat aýdylmady.

Türkmenistan adam hukuklary, söz azatlygy, metbugat erkinligi boýunça halkara hukuk toparlary tarapyndan düzülýän sanawlarda ýyldan-ýyla iň yzky orunlarda ýerleşdirilýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi özüniň garamagyndaky ýagdaýlar bilen baglylykdaky Azatlygyň soraglaryny ýyllar boýy ünsden düşürip gelýär. Ministrligiň saýtynda ‘habarlaşmak üçin’ diýlip görkezilen belgilere jaň edilende hem, ministrligiň işgärleri munuň ‘tehniki bölümdigini’ aýdyp, goýlan soraglara jogap bermeýärler.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Новак Джокович

Открытый чемпионат Италии: Новак Джокович получил сильный удар после выхода в третий раунд после Корантена Муте | Теннисные новости






Грузоперевозки в РФ упали на 10% из-за проблем в расчетах с Китаем

«Как минимум»: синоптик Леус рассказал, когда на Земле завершатся магнитные бури

Журналисты узнали, как живут вне России дети Марии Голубкиной и Николая Фоменко

Тарифы на железнодорожные перевозки из Китая в Россию и Белоруссию резко возросли