Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2022

Berdimuhamedowlar Hytaý lideriniň üçünji möhlete başlyk bolmagyny gutlaýar

0
Türkmenistanyň DIM-23-nji oktýabrda metbugsat üçin maglumat çap edip, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylarynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Sýan Naýçen bilen bazar güni geçirilen duşuşykda oňa gutlag hatyny gowşurandyklaryny habar berýär.


Bu gutlag haty prezident Serdar Berdimuhamedowyň, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan, Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpiniň Hytaý Halk Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň baş sekretary wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli iberilipdir.


Habarlardan mälim bolşuna görä, Hytaýyň prezidenti Si Szinpin däbi bozup, 23-nji oktýabrda üçünji möhlete partiýa liderligine bellenildi we özüniň iň ýakyn ýaranlaryny Kommunistik partiýanyň iň ýokary dolandyryş edarasyna çekip, häkimiýete bolan gözegçiligini has-da berkitdi.


Si ýedi agzaly Syýasy býuronyň hemişelik komitetine özüniň dört ýarany, şol sanda öňki sekretarlarynyň ikisi bilen jemledi. Olar jemgyýete we kyn ýagdaýdaky ykdysadyýete has berk gözegçilik etmek baradaky pikirini goldaýar.


Türkmenistan soňky onýyllyklarda Hytaýa iberýän gazynyň möçberini artdyryp, Pekin bilen Aşgabadyň arasyndaky hyzmatdaşlygauly ähmiýet berýändigini aýdýar. 




 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса