Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2022

Balkanyň häkimiýetleri býujet işgärlerini köpçülikleýin pagta ýygymyna çekýär

0
Balkanyň häkimiýetleri býujet işgärlerini köpçülikleýin pagta ýygymyna çekýär

Türkmenistanyň häzirki we öňki prezidentleri ýurtda pagta ýygymynyň pes derejede alnyp barylýandygyna nägilelik bildirensoň, Balkan welaýatynyň häkimiýetleri pagta hasylyny ýygnap almak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirdiler. Şu günler welaýatyň edara-kärhanalarynda işleýän işgärler köpçülikleýin pagta ýygymyna mejbury gatnaşdyrylýar. Býujet işgärlerini pagta meýdanlaryna alyp gitmek işlerine jemgyýetçilik awtobuslary çekilýär. Pagtaçy kärendeçiler bu ýyl sebitiň gowaça meýdanlarynda pagtanyň hasyllylygynyň pes bolandygyny aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurduň günbatar welaýatyndan maglumat berdi.

"Şu gün Balkanabat, Gumdag, Bereket, Serdar we Magtymguly şäherleriniň býujet işgärleri köpçülikleýin pagta alnyp gidilýär. Olaryň arasynda saglyk, bilim, transport pudaklarynyň, jemagat hojalygy müdirliginiň we oba hojalygy tehnika hyzmat bölümleriniň işgärleri bolup, olar köplenç ýatymlaýyn ugradylýar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran balkanly býujet işgäri aýtdy.

Býujet işgärleriniň ençemesiniň habarçymyza gürrüň bermegine görä, býujetçiler Serdar we Bereket etraplaryndaky gowaça meýdanlaryna alnyp gidilýärler. Pagta ýygymyna gatnaşmakdan ýüz öwürýän işgärlere, adatça bolşy ýaly, işden kowuljakdygy barada haýbat atylýar.

Habarçymyz býujet işgärleriniň mejbury pagta ýygymyna mundan ozal hem çekilendigini, ýöne häzirki ýaly köpçülikleýin häsiýete eýe bolmandygyny, ýagny edaradaky tas ähli işgärleriň gatnaşdyrylmandygyny hem aýdýar.

Onuň maglumatyna görä, welaýat we etrap hassahanalarynyň saglyk işgärleri hem köpçülikleýin pagta ýygymyna çekilýär. Häzirki wagtda keselhanalaryň her bölüminde diňe bir lukman we bir şepagat uýasy işleýär.

"Näsaglara seretmekde kynçylyk emele geldi. Bir lukman bilen bir şepagat uýasy näsagalaryň talabyny ödäp bilmeýär" diýip, bir saglyk işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Welaýatyň häkimiýetleri býujet işgärlerini pagta meýdanlaryna alyp gitmek işlerinde jemgyýetçilik awtobuslaryndan peýdalanýarlar. Habarçymyz bu ýagdaý sebäpli şäherlerdäki we etraplardaky jemgyýetçilik awtobuslarynyň köpüsiniň öz gatnawyny togtadandygyny aýdyp, munuň adaty ilatyň transport gatnawynda bökdençlikleri döredýändigini belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada welaýat häkimliginden we onuň oba hojalygy hem-de saglygy saklaýyş bölümlerinden kommentariýa alyp bilmedi.

Býujet işgärleriniň sözlerine görä, sebit häkimiýetleriniň pagta hasylyny ýygnap almak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirmegi, Türkmenistanyň häzirki we öňki prezidentleriniň ýurtda pagta ýygymynyň pes derejede alnyp barylmagyna nägilelik bildirmegi bilen baglanyşykly.

"Geçen hepdäniň başynda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow we hepdäniň ahyrynda onuň kakasy, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow pagta ýygymynyň pes derejede alnyp barylmagyndan nägile boldy. Şondan soňra welaýat häkimi pagta ýygymyny tiz tamamlamak üçin elinde bar bolan işçi güýjüni doly ulanyp başlady. Ol býujet işgärlerine zor bilen bolsa-da, pagta ýygdyrmak barada buýruk berdi" diýip, býujet işgäri aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow 16-njy oktýabrda geçiren hökümet mejlisinde oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän orunbasaryna we welaýat häkimlerine ýüzlenip, oba hojalyk tehnikalary, kabul ediş harmanhanalary, pagta arassalaýjy kärhanalary bökdençsiz işledilmelidir diýdi. 24-nji oktýabrda bolsa, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow pagta ýygymynyň pes derejede alnyp barylýandygyny aýtdy.

Bu çykyşlaryň arasynda, pagtaçy kärendeçiler bu ýyl gowaça meýdanlarynda pagtanyň hasyllylygynyň pes bolandygyny habar berýärler.

"Etraplaryň gowaça meýdanlarynda pagta tas ýok. Mejbury ýygym bilen, pagta hasylynyň köpelmejekdigi belli zat" diýip, balkanly kärendeçi anonimlik şertinde aýtdy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri berk döwlet gözegçiligi astynda saklanýan pagta önümçiliginde döwrebap tehnologiýalardan peýdalanylýandygyny, şol sanda pagta hasylyny ýygnap almakda döwrebap kombaýnlaryň ulanylýandygyny aýdýarlar.

Ýöne Azatlygyň habarçylary ýurduň dürli sebitlerinde býujet işgärleriniň pagta ýygymyna mejbury çekilýändigini ýa-da olardan ýygym üçin pul toplanylýandygyny awgust aýyndan bäri habar berip gelýärler.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara guramalar Türkmenistanyň hökümetini pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda berk tankyt edýärler. Türkmen hökümeti tankytlara resmi reaksiýa bildirmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Анастасия Павлюченкова

Павлюченкова официально аккредитовала на турнир в Риме двух своих собак






Уроженцы Псковской области стали участниками парада Победы на Красной площади

Глава Воскресенска поздравил ветерана ВОВ с праздником

Жители Воскресенска отпраздновали День Победы в усадьбе Кривякино

В театр «Ульгэр» в Бурятии ГИБДД обучило детей безопасноти - Россия, дети и культура, безопасость на дорогах