Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2022

Eýran häkimiýetleri AÝ/AR-nyň bosgunlykda ýogalan žurnalistiniň jesedini alyp gaçdy

0
Eýran häkimiýetleri AÝ/AR-nyň bosgunlykda ýogalan žurnalistiniň jesedini alyp gaçdy

Eýranyň howpsuzlyk gulluklary AÝ/AR-nyň geçen hepde rak keselinden ýogalan žurnalisti Reza Hagigatnejadyň jesedini alyp gaçyp, onuň dogduk topragynda jaýlanmagynyň öňüni aldylar.

AÝ/AR-nyň 45 ýaşly žurnalisti Hagigatnejad 17-nji oktýabrda Berlindäki Çarite keselhanasynda aradan çykdy we onuň jesedi 25-nji oktýabrda, öz ýurdunda jaýlanmagy üçin Eýrana iberildi.

Emma muňa garamazdan, çeşmeleriň Hagigatnejadyň 2019-njy ýyldan bäri işleýän "Farda" radiosyna beren habaryna görä, Yslam rewolýusiýasyny goraýjylar korpusynyň (IRGC) wekilleri jesediň topraga tabşyrylmagynyň öňüni baglap, ony näbelli ýere alyp gitdiler.

Ýogsa garyndaşlary we dostlary “Farda” radiosyna merhumyň jesedini dogduk şäheri Şirazda jaýlamak üçin zerur bolan rugsatlaryň berlendigini aýdypdylar.

“Farda” radiosy Hagigatnejadyň maşgalasyna onuň dogduk şäheriniň daşynda başga bir gonamçylykda jaýlanmagyna razylyk bermekleri üçin hökümet tarapyndan basyş edilýändigini görkezýän maglumatlary aldy.

AÝ/AR-nyň prezidenti we ýerine ýetiriji direktory Jeými Flaý Eýran režiminiň Hagigatnejadyň maşgalasyna basyş etmeginiň "masgaraçylykly we ýigrenji" bolandygyny, olaryň merhumy režimiň ýanamazlygynda jaýlamagyna rugsat berilmelidigini aýtdy.

Eýran häkimiýetleri bu mesele boýunça hiç bir düşündiriş bermedi. Hagigatnejad Eýrany žurnalistlere edilýän basyşyň güýçlenmegi netijesinde terk etdi we žurnalistlik işleri sebäpli ýurduna diri wagty dolanyp bilmedi.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Андрей Рублёв

Рублёв в трёх сетах обыграл Маркоса Гирона и вышел в третий круг «Мастерса» в Риме






Каменские поисковики ищут родственников солдат и командиров, умерших от ран в местном госпитале в фронтовые годы

Начался отборочный этап московского чемпионата «Абилимпикс»

Житель Заречного занял у своих знакомых более двух миллионов рублей на азартные игры

Yandex N.V. подала заявку на делистинг акций с Московской биржи