Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2022

Türkmenistanda 8 aýda $24,24 milliardlyk karz serişdeleriniň berlendigi aýdylýar

0
Türkmenistanda 8 aýda $24,24 milliardlyk karz serişdeleriniň berlendigi aýdylýar

Türkmenistanyň karz guramalary tarapyndan kärhanalara, guramalara we raýatlara 2022-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda berlen karzlaryň mukdary 84,96 milliard türkmen manadyna (24,24 milliard dollar) barabar boldy diýip, “Trend”neşiri “Biznes Türkmenistan” neşirine salgylanyp habar berýär.

Bu 2021-nji ýylyň gürrüňi edilýän döwri bilen deňeşdirilende, karz serişdeleriniň 13,3% köp berlendigini aňladýar.

Habarda aýdylmagyna görä, geçen ýyl Türkmenistanda 74,96 milliard türkmen manadyna (21.39 milliard dollar) barabar karz berlipdir.

Hukuk guramasy döredilmän telekeçilik işi bilen meşgullanýan raýatlara berlen karzlaryň umumy mukdary 2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň başyna çenli 17,83 milliard türkmen manadyna (5,08 milliard dollar) barabar boldy. Bu, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 23,6% köp karz ( 14,42 milliard türkmen manady ýa-da 4,11 milliard dollar) berlendigini aňladýar.

Türkmenistanyň ol ýa-da beýleki görkezijiler boýunça öňe sürýän ýa-da çap edýän sanlaryny garaşsyz ýagdaýda barlap bolmaýar.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Андрей Рублёв

Рублёв в трёх сетах обыграл Маркоса Гирона и вышел в третий круг «Мастерса» в Риме






Чем заняться в Москве на этой неделе: «Буерак», «Москва слезам не верит» и еще 11 событий

Трансформация M&A: эксперты обсудили изменения на российском рынке слияния и поглощения

Подмосковные школьники смогут пройти пробный ЕГЭ по информатике

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге об экономических и социальных проектах в регионах Арктики и Дальнего Востока