Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2022

Somaliniň paýtagtyndaky partlamalarda azyndan 100 adam öldi

0
Somaliniň paýtagty Mogadişu şäherinde altynjy gün iki sany güýçli partlama boldy. Ýerli häkimiýetler azyndan 100 adamyň ölendigini, 300-den gowrak adamyň ýaralanandygyny habar berdiler. Terror hüjüminiň arkasynda “Al-Şabaab” diýilýän yslamçy topar durandyr öýdülýär.


Partlamalaryň ikisi-de şol bir ýerde, paýtagtyň merkezinde, Bilim ministrliginiň binasynyň gapdalyndaky köp adamly çatrykda boldy. Ilki partlaýjy maddalar bilen doldurylan bir awtoulag partlady, biraz soň bolsa, polisiýa we “Tiz kömek” ulaglary wakanyň bolan ýerine gelende, ikinji bomba ýaryldy.


Bu çatrykda bäş ýyl ozal, 2017-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda hem uly terrorçylyk hüjümi gurnalypdy. Şonda bolan partlamalarda 500 töweregi adam öldi, 300 adam bolsa ýaralandy.


Somaliniň prezidenti Hasan Şeýh Mahammud bu wakany "rehimsiz we gorkak terror hüjümi" diýip atlandyrdy. Ol hüjümde “Al-Şabaaby” günäkärledi.


“Al-Şabaab” adatça bu hili hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne almaýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса